Türkmenistanyň bilim ulgamy kämillik ýolunda

0
1119
15
0

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 10 aýynyň netijelerine bagyşlanyp geçirilen giňişleýin mejlisinde habar berlişi ýaly,  hasabat döwründe ýurt boýunça 16 müň 850 orunlyk umumybilim berýän mekdepleriň 31-si hem-de 2 müň 570 orunlyk çagalar baglarynyň 15-si,   A.Kekilow adyndaky mugallymçylyk mekdebi, Lebap welaýatynda 300 orunlyk çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezi ulanylmaga tabşyryldy, Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligine hem-de Türkmen döwlet neşirýat gullugyna degişli   orta hünär okuw mekdepleri döredildi.

Türkmenistanyň Bilim ministrligi boýunça ýanwar-oktýabr aýlarynda okuw kitaplarynyň we gollanmalarynyň 248-si taýýarlanyldy, olardan 154-si neşir edildi.

Türkmen mekdep okuwçylary ýylyň başyndan bäri halkara bilim bäsleşiklerinde medallaryň 132-sini, şol sanda 45 altyn, 50 kümüş we 37 bürünç medal gazandylar. Halkara ders hem-de Internet bäsleşiklerine gatnaşan ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary medallaryň 114-sine: 20 altyn, 47 kümüş we 47 bürünç medallara, 19 diploma we 8 şahadatnama mynasyp boldular.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru