Türkmenistanda 10 aýda kitap önümleriniň 306 görnüşi çap edildi

0
237
6
0

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 10 aýynyň netijelerine bagyşlanyp geçirilen giňişleýin mejlisinde habar berlişi ýaly,  ýurtda neşirýat işi barha kämilleşdirilýär. Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýylyň başyndan bäri kitap önümleriniň 306 görnüşi, şol sanda nusgawy we döwürdeş ýazyjy-şahyrlarymyzyň eserleri, şeýle-de çagalar üçin suratlar bilen bezelen ertekili   kitaplar we beýleki neşirler çap edildi. “Galkynyş” kitap merkezi ýurdumyzyň kitaphanalaryny 278 müň nusgalykdaky 59 görnüşli kitap önümleri bilen üpjün etdi.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru