Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda «Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda medeniýetleriň söhbetdeşligi» atly halkara ylmy maslahaty geçiriler

17:4407.11.2015
0
5126

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 10 aýynyň netijelerine bagyşlanyp geçirilen giňişleýin mejlisinde habar berlişi ýaly,  şu ýylyň 11 — 13-nji noýabry aralygynda Aşgabatda we Daşoguz welaýatynda «Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda medeniýetleriň söhbetdeşligi» atly halkara ylmy maslahaty geçiriler. Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan geçiriljek bu maslahata dünýäniň onlarça döwletinden taryhçylaryň edebiýatçylaryň gatnaşmagyna garaşylýar. halkara maslahatyň guramaçylary tarapyndan onuň baý maksatnamasy düzüldi we ol Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňeldilen mejlisinde döwlet Baştutanynyň garamagyna hödürlenildi.

Türkmenistanyň Prezidenti türkmen halkynyň umumadamzat ähmiýetine eýe bolan taryhy-medeni mirasyny, Türkmenistanyň täze taryhy eýýamda ylym we medeniýet ulgamlarynda gazanan üstünliklerini  mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn öwrenmekde forumyň möhüm ornuny nygtap, degişli ýolbaşçylara bu babatda anyk görkezmeleri berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň