Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň önümçilik pudaklaryndaky ösüşleriň stastistiki görkezijileri

17:3207.11.2015
0
1330

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 10 aýynyň netijelerine bagyşlanyp geçirilen giňişleýin mejlisinde habar berlişi ýaly,  hasabat döwründe 2014-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, önümleriň köpüsi boýunça önümçiligiň möçberiniň artmagy üpjün edildi. Şeýlelikde

nebitiň çykarylyşynyň ösüş depgini 106,5 göterime,

elektrik energiýasynyň öndürilişiniň ösüş depgini 102,7 göterime,

benziniň öndürilişiniň ösüş depgini 100,9 göterime,

kerosiniň öndürilişiniň ösüş depgini 100,2 göterime,

nebit bitumynyň öndürilişiniň ösüş depgini 122,5 göterime,

nebit koksynyň öndürilişiniň ösüş depgini 100,1 göterime,

polipropileniň öndürilişiniň ösüş depgini hem 100,1 göterime,

sementiň öndürilişiniň ösüş depgini 104,6 göterime,

magdan däl gurluşyk serişdeleriniň öndürilişiniň ösüş depgini 117,6 göterime,

plastmassadan edilen turbalaryň öndürilişiniň ösüş depgini 105,5 göterime,

demir önümleriniň öndürilişiniň ösüş depgini 100,7 göterime,

nah ýüplükleriniň öndürilişiniň ösüş depgini 101,2 göterime,

nah matalaryň öndürilişiniň ösüş depgini 108,4 göterime,

gaýtadan işlenen balyk önümleriniň öndürilişiniň ösüş depgini 150,4 göterime,

mineral suwlaryň we şerbetli içgileriň öndürilişiniň ösüş depgini 111,2 göterime,

unaş önümleriniň öndürilişiniň ösüş depgini 111,7 göterime,

derman senagatynyň önümleriniň öndürilişiniň ösüş depgini bolsa 142 göterime deň boldy.

Hasabat döwründe mineral dökünleriniň öndürilişiniň ösüş depgini 2,1 esse üpjün edildi.

Oba hojalyk pudagynda hem oňyn netijeler gazanyldy. Hasabat döwründe ekin meýdanlarynda güýzlük bugdaý ekişi bellenilen meýilnama laýyklykda 760 müň gektarda geçirildi. Ýetişdirilen pagta hasylyny ýygnamagyň meýilnamasy 100,8 göterim berjaý edildi. 2014-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, gök we bakja önümleriniň, et-süýt önümleriniň öndürilişinde oňyn netijeler gazanyldy. Gara mallaryň, dowarlaryň, guşlaryň baş sany köpeldi.

On aýyň netijeleri boýunça gurluşyk ulgamynda hem ýokary netijeler gazanyldy. Hasabat döwründe ýerine ýetirilen gurluşyk-gurnama we beýleki düýpli gurluşyk işleri 2014-nji ýylyň degişli döwründäkiden 13,9 göterim ýokarydyr.

 

Şu ýylyň on aýynda ulaglaryň ähli görnüşleri boýunça ýük dolanyşygynyň geçen ýylyň degişli döwrüne görä ösüş depgini 100,9 göterime deň boldy. Şu döwürde

ýolagçy dolanyşygynyň umumy ösüş depgini 102,7 göterime,

şol sanda awtomobil ulagynda 103,3 göterime,

demir ýol ulagynda 100,7 göterime,

howa ulagynda 100,1 göterime,

suw ulagynda 139,7 göterime barabar boldy. 

Elektron aragatnaşyk hyzmatlarynyň ýaýrawynyň yzygiderli giňelmegi bu hyzmatlaryň möçberiniň 2014-nji ýylyň on aýyndaka görä 9,3 göterim köpelmegini üpjün etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň