Türkmenistanda halkyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmak babatynda uly öňegidişlikler gazanylýar

17:2307.11.2015
0
3221

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 10 aýynyň netijelerine bagyşlanyp geçirilen giňişleýin mejlisinde habar berlişi ýaly,  ýurduň welaýatlaryny özgertmek boýunça milli maksatnamanyň çäklerinde maýa goýumlaryny özleşdirmek boýunça meýilnama 105,3 göterim ýerine ýetirildi.

Şu ýylyň noýabr aýynyň 1-indäki ýagdaýa görä, «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin  rejelenen görnüşindäki Milli maksatnamasyna» laýyklykda,  ýurt boýunça durmuş maksatly desgalaryň 109-synda gurluşyk işleri alnyp barylýar. Şeýle hem ýaşaýyş jaýlarynyň 1 million inedördül metrden gowragynyň gurluşygy amala aşyrylýar, suw, lagym, gaz we elektrik geçirijileriň 3357 kilometri çekilýär,   dik guýularyň 54-si, awtomobil ýollarynyň 436 kilometri gurulýar, telefon ulgamlarynyň 391, 4 kilometri çekilýär.

Hasabat döwründe “Türkmenistanda döwlet eýeçiligindäki kärhanalary we desgalary hususylaşdyrmagyň 2013-2016-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny” amala aşyrmagyň çäklerinde kärhanalaryň we desgalaryň 34-si hususylaşdyryldy. Mundan başga-da, döwlet emlägini kärendesine bermek hakynda 2687 şertnama baglaşyldy.  Kärendeden alnan girdejileriň mukdary 97 million 348 müň manada deň boldy.

On aýyň jemleri boýunça maýa goýum taslamalarynyň 176-sy hasaba alyndy, bu geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdireniňde 117,3 göterime deň boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň