Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda ýylyň 10 aýynyň görkezijileri maliýe hasabatlarynda

17:1807.11.2015
0
1461

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 10 aýynyň netijelerine bagyşlanyp geçirilen giňişleýin mejlisinde habar berlişi ýaly,  şu ýylyň 10 aýynda  ýurduň esasy maliýe meýilnamasynyň girdeji bölegi 101,6 göterime, çykdajy bölegi 85,9 göterime deň boldy. Durmuş ulgamyny ösdürmäge býujet serişdeleriniň 79 göterimi gönükdirildi.

Ýerli býujetiň girdeji bölegi 100,1 göterim, çykdajy bölegi bolsa 87,5 göterim ýerine ýetirildi.

Şu ýylyň 1-nji noýabryndaky  ýagdaýa görä, salgytlaryň daşary ýurt pul görnüşinde gelip gowuşmagy geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdireniňde 13,8 göterim ýokarlandy.

 “Balans toparynyň işini kämilleşdirmek hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyny ýerine ýetirmek maksady bilen,  ýanwar-oktýabr aýlarynda Merkezi, pudaklaýyn we welaýat balans toparlarynyň mejlisleriniň 111-si geçirildi. Olaryň barşynda ministrlikleriň we pudak edaralarynyň 8-siniň, kärhanalaryň 372-siniň maliýe-ykdysady görkezijileri seljerildi.

Mejlisde Türkmenistanyň Býujet kodeksini üstünlikli amala aşyrmak maksady bilen görülýän toplumlaýyn çäreler, ätiýaçlandyryş işini, auditorçylyk işini, gymmat bahaly kagyzlar bazaryny ösdürmek meseleleri boýunça kadalaşdyryjy-hukuk namalarynyň  işlenilip taýýarlanylandygy barada hem habar berildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň