Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Döwlet býujeti kesgitlenilýär

17:0907.11.2015
0
3515

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 10 aýynyň netijelerine bagyşlanyp geçirilen giňişleýin mejlisinde döwlet Baştutanynyň garamagyna 2014-nji ýyl üçin Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi baradaky hasabaty hem-de 2016-njy ýyl üçin ýurdumyzyň Döwlet býujetiniň taslamasyny hödürlenildi.

Ministrlikleriň, pudak edaralarynyň, Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimlikleriniň Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň degişli orunbasarlary bilen ylalaşylan maglumatlary we hasaplamalary esasynda geljek ýyl üçin Döwlet býujetiniň, Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlarynyň hem-de Türkmenistanyň maýa goýum maksatnamasynyň taslamalary Türkmenistanyň Maliýe, Ykdysadyýet we ösüş ministrlikleri tarapyndan işlenilip taýýarlanyldy.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 2016-njy ýyl üçin ýurduň Döwlet býujetiniň taslamasyny, umuman, makullap, baş maliýe meýilnamasyny Türkmenistanyň Mejlisiniň garamagyna ibermek baradaky resminama gol çekdi. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň