Talyp ýaşlar ýeňil atletika boýunça ýaryşdylar

0
146
0
0

Ýakynda Türkmenistanyň Içeri işler ministrliigniň "Köpetdag" sport toplumynda Türkmenistanyň orta we başlangyç hünär okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilýän spartakiadanyň çäginde ýeňil atletika boýunça ýarş geçirildi. Bu ýaryşa talyp oglanlaryň we gyzlaryň hersinden toparlaryň 12-si gatnaşdy.

Talyp oglanlar 100 metr aralyga ylgamak, uzynlygyna bökmek, dört bolup, her biri 100 metr aralyga estafeta ylgawy boýunça ýaryşdylar. Bu ýaryşda Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliigniň demirýolçy orta hünär okuw mekdebiniň tpary birinji orny eýeledi. Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň mehanika-tenologik orta hünär okuw mekdebiniň topary ikinji, Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň Aşgabat energetika orta hünär okuw mekdebiniň topary üçünji orunlara mynasyp boldy.

Talyp gyzlar 60 metr aralyga ylgamak, uzynlygyna bökmek, dört bolup, her biri 100 metr aralyga estafeta ylgawy boýunça ýaryşdylar. Bu ýaryşda birinji orny Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň Aşgabat energetika orta hünär okuw mekdebiniň topary eýelemegi başardy. Ikinji orna Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň demirýolçy orta hünär okuw mekdebiniň topary, üçünji orna Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň mehanika-tehnologik orta hünär okuw mekdebiniň topary mynasyp boldular.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru