Soňky habarlar

Arhiw

Talyplaryň arasynda düzzüm boýunça ýaryş geçirildi

11:3106.11.2015
0
2373

Ýakynda Aşgabat şäheriniň Sport baradaky komitetiniň Ýöriteleşdirilen küşt-şaşka mekdebinde Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda düzzüm boýunça ýaryş geçirildi. Oňa ýokary okuw mekdeplerinden talyp oglanlaryň 20-si, gyzlaryň 27-si gatnaşdy.

Talyp oglanlaryň arasynda geçirilen ýaryşda birinji orny Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň topary eýeledi. Ikinji orna Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň, üçünji orna Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň toparlary mynasyp boldular.

Talyp gyzlaryň arasynda geçirilen ýaryşda Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň topary birinji orny eýeledi. Halkara türkmen-türk uniwersitetiniň topary ikinji, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň topary üçünji orunlara mynasyp boldular.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň