Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi geçirildi

10:0005.11.2015
0
3464

4-nji noýabrda Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi, şonda harby we hukuk goraýjy edaralaryň 2015-nji ýylyň on aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri jemlenildi, şeýle-de bu edaralaryň işini geljekde has-da kämilleşdirmek, maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak hem-de döwrebaplaşdyrmak bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri Ý.Berdiýewiň hasabatynda 2015-nji ýylyň ýanwar-oktýabr aýlarynda ministrlik tarapyndan harby özgertmeleriň durmuşa geçirilişiniň barşy barada aýdyldy.

Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň başlygy şu ýylyň başyndan bäri Türkmenistanyň serhetlerini goramak boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň milli howpsuzlyk ministri ýolbaşçylyk edýän ministrliginiň şu ýylyň ýanwar-oktýabr aýlaryndaky alyp baran işiniň netijeleri barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň içeri işler ministri öz hasabatynda ýol-ulag howpsuzlygyny ýokarlandyrmak boýunça görülýän çäreler barada habar berdi. Türkmenistanyň Prezidenti bu meselä ünsi çekip, köçe-ýol hereketinde käbir bidüzgünçiliklere ýol berilýändigini aýdyp, bu babatda seljerme işlerini geçirmek we kanun taýdan jerime salmalydygyny tabşyrdy.

Soňra Türkmenistanyň Baş prokurory şu ýylyň on aýynda kanunçylygyň ýerine ýetirilişine amala aşyrylýan  gözegçilik, düzgün bozmalaryň öňüni almak boýunça geçirilen işleri barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň başlygy Türkmenistanyň kazyýet ulgamyny kämilleşdirmek boýunça şu ýylyň on aýynda geçirilen işler, kazylaryň hünär ussatlygynyň derejesini has-da ýokarlandyrmak maksady bilen guralýan okuwlar hem-de kazyýetlerde işlere garalanda kanunylygy üpjün etmek boýunça görülýän anyk çäreler barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň Sagdyn jemgyýet howpsuzlygyny goraýyş döwlet gullugynyň başlygy ýanwar-oktýabr aýlarynda geçirilen işler barada hasabat berdi. Şol işler, ilkinji nobatda, neşe serişdeleriniň bikanun ýaýradylmagyna we peýdalanylmagyna garşy gönükdirilendir.

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygy özüne ynanylan düzümlerde işleriň häzirki ýagdaýy hem-de 2015-nji ýylyň on aýynda geçirilen işler hakynda hasabat berdi. Şeýle-de ol Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň döredilen gününe bagyşlanan çäreler barada aýtdy.

Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy ýolbaşçylyk edýän düzümleriniň işlerini kämilleşdirmek, gullugyň öňünde goýlan wezipeleri berjaý etmek, şol sanda ýurdumyza gelýän daşary ýurtly myhmanlary hasaba almak boýunça ýylyň başyndan bäri görlen çäreler barada hasabat berdi.

Soňra adalat ministri ýanwar-oktýabr aýlarynda jemgyýetiň we döwletiň öňünde durýan möhüm wezipeleri üstünlikli çözmek üçin ygtybarly daýanç bolmaga gönükdirilen täze kanunlaryň taslamalarynyň taýýarlanylyşy, şeýle-de yzygiderli guralýan raýatlaryň jemgyýetçilik kabul edişliginiň çäklerinde hereket edýän kanunçylygy ilata düşündirmek boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisi jemläp, harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylaryna anyk tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutany durmuş häsiýetli meselelere, ilkinji nobatda,  harby we hukuk goraýjy edaralaryň gullukçylaryny amatly ýaşaýyş jaýlary hem-de durmuş şertleri bilen üpjün etmäge aýratyn üns berilmelidigini belledi.

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde başga-da, birnäçe möhüm meselelere garalyp, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň