Türkmenistanyň Prezidenti Döwlet gümrük gullugynyň harby gullukçylaryna we işgärlerine Gutlag iberdi

21:4303.11.2015
0
5123

Hormatly gümrük gullugynyň harby gullukçylary we işgärleri!

Sizi Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň döredilmeginiň 24 ýyllyk baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan dünýä ýurtlary we halklary bilen hoşniýetli gatnaşyklary barha giňeldýär, geosyýasy ýerleşişiniň amatlylygyndan peýdalanyp, halkara söwdasynyň we ykdysady gatnaşyklaryň ösmegine mynasyp goşant goşýar.

Ýurdumyzyň sebitde üstaşyr ulag geçelgelerini döretmek baradaky anyk başlangyçlary, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň mejlisinde öňe süren teklipleri halkara jemgyýetçiliginde uly goldaw tapýar. Olaryň hatarynda «Demirgazyk—Günorta» halkara ulag geçelgesini döretmek baradaky başlangyjymyzyň «Gazagystan-Türkmenistan-Eýran» täze halkara demir ýolunyň gurulmagy bilen üstünlikli durmuşa geçirilmegi bellenmäge mynasypdyr. «Gündogar—Günbatar» ugry boýunça ýük daşamagyň mümkinçiliklerini, şol sanda Hazar, Gara, Ortaýer we Baltika deňizleri sebitiniň mümkinçiliklerini ulanmak arkaly täze ugurlary döretmek boýunça başlangyçlarymyz hem halkara söwdasynyň ösmeginde uly ähmiýete eýe bolar.

«Özbegistan—Türkmenistan—Eýran—Oman» halkara ulag ugrunyň döredilmegi, «Türkmenistan—Owganystan—Täjigistan» halkara demir ýolunyň açylmagy bilen, ýurdumyzda kontinentara ulag ulgamynyň köp şahaly çatrygy emele gelip, ägirt uly ykdysady bähbit getirer.

Ýurdumyzda içerki ulag üpjünçilik ulgamlaryny ösdürmäge hem uly ähmiýet berilýär. Türkmenbaşy deňiz portunyň, Aşgabat, Daşoguz we Türkmenabat şäherlerinde howa menzilleriniň, Amyderýanyň üstünden geçýän Türkmenabat—Farap demir ýol we awtomobil köprüleriniň gurluşyk we döwrebaplaşdyryş işleriniň alnyp barylmagy, Atamyrat—Kerkiçi köprüleriniň gurlup, ulanmaga berilmegi bilen, eziz Diýarymyzyň üstünden geçýän täze halkara söwda ýollarynyň açylmagy ýurdumyzyň daşary söwdasynyň has-da ösmegine hem-de gümrük serhedinden geçirilýän harytlaryň we ulag serişdeleriniň möçberleriniň artmagyna getirýär. Bu bolsa, gümrük gullugynyň işgärlerinden hem hünär kämilligini, irginsiz zähmeti we ýokary hüşgärligi talap edýär.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň gümrükçileri!

Gümrük gullugy harytlar we ulag serişdeleri serhetden geçirilende ýurdumyzyň kanunçylygynyň berjaý edilmegini üpjün etmek bilen, daşary ykdysady işi döwlet tarapyndan düzgünleşdirmekde möhüm wezipeleri durmuşa geçirýär. Siziň alyp barýan jogapkärli işleriňiz ata Watanymyzyň gümrük serhedini, abadan jemgyýetimiziň howpsuzlygyny, berkarar döwletimiziň milli bähbitlerini goramaga, ýurdumyzyň daşary söwda gatnaşyklarynyň we milli ykdysadyýetiniň ösmegine ýardam bermäge gönükdirilendir. Häzirki taryhy eýýamda mukaddes borjuňyzy birkemsiz ýerine ýetirmek üçin siziň serhetde ygtybarly gümrük gözegçiligini guramak, adam saglygyna ýaramaz täsir edýän harytlaryň ýurdumyza getirilmeginiň öňüni almak hem-de terrorçylyga, kontrabanda, gümrük kanunçylygynyň bozulmalaryna garşy göreşmek boýunça alyp barýan tutanýerli işleriňize döwletimiz mynasyp baha berýär.

Biz Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Harby doktrinasyna laýyklykda, gysga döwrüň içinde ýurdumyzyň hukuk goraýjy we harby edaralarynyň, şol sanda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň işiniň kanunçylyk we maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmäge, kämilleşdirmäge hem-de harby gullukçylaryň we olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmaga gönükdirilen toplumlaýyn işleri durmuşa geçirdik.

Ýakynda Ahal welaýatynyň Sarahs etrabynda täze içerki gümrük edarasynyň döredilmegi, Daşoguz welaýat gümrükhanasynyň döwrebap edara binasynyň we gulluk ýaşaýyş jaýynyň ulanmaga berilmegi siz barada edilýän aladanyň aýdyň mysalydyr. Biz bu işleri geljekde hem yzygiderli dowam etdireris.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň gümrük işgärleri!

Dünýäde ykdysady durnuksyzlygyň dowam edýän häzirki döwründe, siz ýurdumyzyň daşary ykdysady işiniň döwlet tarapyndan düzgünleşdiriş çärelerini işläp taýýarlamaga has-da işjeň gatnaşmalysyňyz. Döwletimiziň milli bähbitlerini ileri tutmalydygyňyzy unutmaly dälsiňiz.

Ýurdumyzyň gümrük edaralarynyň iň kämil tehniki serişdeler bilen enjamlaşdyrylmagy gümrük işgärleriniň öňünde täze wezipeleri goýýar. Bu wezipeler gümrük amallaryny bitewi awtomatlaşdyrylan programma ulgamy arkaly elektron görnüşde resmileşdirmäge girişmekden, dünýäniň iň öňdebaryjy tejribelerini işe ornaşdyrmakdan hem-de şahsy düzümiň hünär derejesini yzygiderli kämilleşdirmekden ybaratdyr. Siziň merdana ata-babalarymyzyň watansöýüjilik, adalatlylyk, halallyk, myhmansöýerlik däplerinden ugur alyp, öňüňizde durýan belent wezipelere abraý bilen hötde geljekdigiňize, eziz Watanymyzyň gümrük serhedini goramak ýaly belent borja hemişe wepaly boljakdygyňyza berk ynanýaryn!

Sizi Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň döredilmeginiň 24 ýyllyk baýramy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn! Size berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan jogapkärli işiňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin!

Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň