Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda portret eserleriniň sergisi geçirilýär

16:4003.11.2015
0
5965

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda halypa mugallymlaryň we talyplaryň “Portret” atly  toparlaýyn sergisi açyldy. Bu sergide akademiýanyň halypa mugallymlary we talyplary özleriniň nakgaş, grafika, dizaýn, keramiki we heýkel eserlerini görkezýärler.

Eserlerde dürli çeperçilik serişdeleri ulanmakdaky täzelik bada-bat gözüňe ilýär.  Zakirjan Babaýew, Sadap Hojagulyýewa, Hijran Umarowa, Bahar Gylyçlyýewa, Muhammetnyýaz Öwezalyýew ýaly ýaşlaryň portret eserleri sergä gelenleriň ünsüni has özüne çekdi. Olar eserlerinde döwrümiziň gahrymanlaryny, meşhur şahsyýetleri, öz ýakynlaryny, dostlaryny... şekillendiripdirler.

Sergä gatnaşyp bilmeýän okyjylarymyz üçin bu sergiden taýýarlanylan fotoreportažymyzy hödürleýäris.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň