Ekologiýa we energiýanyň netijeliligi barada hyzmatdaşlyk

02:2903.11.2015
0
2842

2-nji noýabrda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynda Türkmenistanyň Tebigaty goramak ministrliginiň we Ýewropa Bileleşiginiň “Tebigaty we energiýa çeşmelerini ygtybarly peýdalanmak — Türkmenistanyň durnukly ösüş strategiýasyny ornaşdyrmaga ýardam etmek” atly bilelikdäki taslamasynyň çäklerinde guralan okuw we amaly sapaklar önümçilik işleriniň daşky gurşawa täsirine strategiki baha bermegiň meselelerine bagyşlandy.

Bu çärä gatnaşmak üçin durnukly energetika we tebigy uglewodorod serişdelerini netijeli peýdalanmak boýunça iri transmilli taslama ugurlary boýunça halkara bilermenleri Pýotr Optis (Germanýa) we Nina Stoýanowa (Bolgariýa) türkmen paýtagtyna geldiler.

Okuwyň maksady akademiýanyň professor-mugallymlarynyň we diňleýjileriniň daşky gurşawa täsiriň strategiki mümkinçiligini hasaba almak bilen ekologiki bahanyň mazmuny barada bilimlerini ýokarlandyrmak, iri daşary ýurt kompaniýalarynyň iş tejribeleri, energiýa tygşytlamak we ekologiýa howpsuzlygy pudaklarynda öňdebaryjy täzeçil tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça iň gowy halkara we milli usullar bilen tanyşdyrmakdan ybarat bolup durýar.

Amaly okuwlaryň barşynda kabul edilen halkara borçnamalaryna laýyklykda biologiki köpdürlüligi aýawly saklamak boýunça çäreleri kämilleşdirmekde ileri tutulýan meseleler ara alnyp maslahatlaşylar. Onda senagatda, hususan-da, Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň esasy pudaklary bolan nebitgaz, nebithimiýa, dokma we gurluşyk pudaklary, obasenagat toplumy ýaly ugurlarda senagatyň energonetijeliligini ýokarlandyrmak meselelerine aýratyn üns berler.

Halkara maslahatçylary Ýewropa Bileleşiginiň esasy ýurtlarynyň, şol sanda Germaniýanyň, Fransiýanyň, Italiýanyň, Belgiýanyň, Norwegiýanyň önümçiligiň galyndysyz tehnologiýalaryny we üsti doldurylýan energiýa çeşmelerini senagatyň dürli pudaklarynda ulanmak boýunça tejribelerini görkezerler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň