Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Rumyniýanyň Prezidentine gynanç bildirdi

23:3302.11.2015
0
2773

31-nji oktýabrda Rumyniýanyň paýtagty Buharest şäheriniň gijeki klublarynyň birinde güýçli ýangyn döredi. 27 adamyň wepat bolan ýangynynda 200 adam ýaralandy. Olaryň tas ählisi diýen ýaly 14 — 25 ýaş arasyndaky ýaşlardyr.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Rumyniýanyň Prezidenti Klaus Ýohannise ýurduň Buharest şäherinde bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getiren ýangyn zerarly gynanç hatyny iberdi.

Türkmen döwletiniň Baştutany Türkmenistanyň halkynyň hem-de Hökümetiniň adyndan we hut öz adyndan pida bolanlaryň maşgalalaryna, dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna çuňňur gynanjyny we medet beriji sözlerini aýtdy, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklaryny arzuw etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň