Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatly hapkido ussatlary Türkmenistanyň Kubogyna mynasyp boldy

00:0302.11.2015
0
3042

Geçen hepdäniň dynç günlerinde paýtagtymyzyň “Galkynyş” sport toplumynda geçen asyryň ortalarynda esaslandyrylan koreý başa-baş söweş sungaty-hapkido boýunça Türkmenistanyň Kubogy ugrunda ýaryş geçirildi. Aşgabatly türgenler iki günläp dowam eden çekeleşikli ýaryşa has taýýarlykly gelendiklerini görkezdiler. Olar ýaryşyň ýeňijileri boldular.

Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komiteti we Hanmudo söweş sungaty milli federasiýasynyň guramagynda geçirilen bu ýaryşa Ahal, Balkan, Mary, Lebap welaýatlaryndan we Aşgabatdan 140-a golaý türgen gatnaşdy. Baýraklar ugrunda ýaryşlar iki ýaş toparynda — ýetginjekleriň we ulularyň arasynda geçirildi. Ýaryşda baýraklar toplumynyň jemi 26-sy ugrunda göreş ýaýbaňlandyryldy. Umumy toparlaýyn hasapda aşgabatly türgenler ýeňiş gazandylar.

Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Orif Buharakowyň, şeýle hem tälimçiler Şöhrat Allaýewiň, Nury Meredowyň hem-de Orazgeldi Orazgeldiýewiň ýolbaşçylygynda sportuň bu görnüşi bilen meşgullanýan paýtagtly türgenler 14 sapar hormat münberiniň birinji ornuna çykdylar. Merdan we Muhaý Durdygulyýewlerden tälim alýan Daşoguz welaýatynyň türgenleri altyn medallaryň 5-sini eýeläp, hormatly ikinji orna mynasyp boldular. 4 gezek birinji baýraga mynasyp bolan Mary welaýatynyň Gulmyrat Gulowdan tälim alýan türgenleri 3-nji orny eýelediler.

Türkmenistanyň hanmudo söweş sungaty Federasiýasynyň düzümine sportuň başa-baş söweş sungatlarynyň başga-da ençemesi girýär. Olaryň arasynda müňýyllyk taryhy bolan Indoneziýanyň pençak silat görnüşi hem bardyr. Noýabr aýynyň 29-yndan dekabr aýynyň 1-ine çenli aralykda Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherinde Pençak silat boýunça Merkezi Aziýanyň çempionaty geçiriler. Bu ýaryşa ýurdumyzyň milli ýygyndy topary hem gatnaşar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň