Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen milli manadynyň 22 ýyllygy mynasybetli maslahat geçirildi

23:5501.11.2015
0
2611
1-nji noýabrda Türkmenistanyň Merkezi bankynyň mejlisler zalynda milli manadymyzyň dolanyşyga girizilmeginiň 22 ýyllygyna bagyşlanan ylmy-amaly maslahat geçirildi. Oňa hökümetiň agzalary, döwlet we paýdarlar-täjirçilik banklarynyň, ykdysady topluma degişli ministrlikleriň hem-de edaralaryň ýolbaşçylary we hünärmenleri, ýokary okuw mekdepleriň professorlary, mugallymlary hem-de talyplary, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Maslahatda, ilki bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň bank ulgamynyň işgärlerine iberen Gutlagy okaldy. Maslahatyň barşynda “Bank ulgamyny ösdürmegiň 2011—2030-njy ýyllar üçin döwlet maksatnamasynda” kesgitlenen wezipelere laýyklykda bank ulgamynda amala aşyrylýan düýpli özgertmeler, abraýly sebit we halkara maliýe düzümleri bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek, Türkmenistanda pul dolanyşygynyň taryhy hakynda çykyşlar boldy.
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň