Aşgabatda ýaşlar syýasaty boýunça maslahat geçirildi

0
1064
0
0
31-nji oktýabrda Aşgabatda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň maslahaty geçirildi. Ol ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan wekilleri ýygnady. Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde geçirilen maslahatyň gün tertibine ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2015—2020-nji ýyllar üçin döwlet maksatnamasyny amala aşyrmak boýunça anyk wezipeler girizildi. Bu maksatnama 2015-nji ýylyň martynda “Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň esasynda kabul edildi. Ýaşlar guramasynyň maslahatynda esasy ugurlary diňe ara alyp maslahatlaşmak bilen çäklenilmän, eýsem, olara degişli wezipeleri çözmegiň usullaryny işläp düzmeklige çuňňur we hemmetaraplaýyn garaldy. Maslahata gatnaşyjylaryň çykyşlarynda ýurdumyzyň Ýaşlar guramasynyň işine täzeçil usullary we çemeleşmeleri ornaşdyrmak boýunça pikirler we teklipler öňe sürüldi.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru