Soňky habarlar

Arhiw

“Türkmengaz” döwlet konserni TOPH taslamasynyň esasy maýadary bolup çykyş eder

16:4331.10.2015
0
5418

“Türkmengaz” döwlet konserni Türkmenistan—Owganystan—Pakistan—Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasynyň esasy maýadary bolar diýip, Türkmen telewideniýesi habar berýär.

Bu mesele ýurduň hökümetiniň mejlisinde ara alnyp maslahatlaşyldy. Mejlisde TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygynyň türkmen tarapyndan býujetine garaldy. Oňa laýyklykda, konsorsiumyň lideri hökmünde “Türkmengaz” döwlet konserni taslamanyň esasy maýadary bolup çykyş eder.

Şeýle hem habarda owgan, hindi we pakistan taraplarynyň taslamany maliýeleşdirmegi olaryň tassyklanan paýly gatnaşygyna laýyklykda amala aşyrjakdygy bellenilýär. Aziýanyň ösüş banky hem öz hususy maýa goýumlarynyň, maliýeleşdirmegi guramak we maliýe hyzmatlaryny bermek düzüm böleginiň hasabyna bu taslama gatnaşar.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hökümet mejlisinde TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygynyň taslamasynyň durmuşa geçirilmeginiň ähmiýetini belläp geçdi. Ol diňe bir taslama gatnaşýan ýurtlaryň sosial-ykdysady taýdan ösmegine ýardam etmän, eýsem, Aziýa sebitinde hakyky dostluk we hyzmatdaşlyk köprüsine öwrülmelidir.

“Türkmengaz” döwlet konserniniň TOPH-niň gurluşygyna nähili möçberde maýa goýjakdygy habar berilmeýär.

Türkmenistanyň iň iri “Galkynyş” gaz käninden başlanyp, pakistan-hindi serhedindäki Fazilka ilatly nokada baryp ýetmeli TOPH gaz geçirijisiniň umumy uzynlygy 1800 kilometr töweregi bolar. Onuň kuwwaty ýylda 33 milliard kubometr tebigy gaz akdyrmaga mümkinçilik berer. TOPH gaz geçirijisi ýurtlaryň köpüsi, şol sanda Russiýa Federasiýasy we ABŞ tarapyndan goldaw tapdy. TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygy üçin “TOPH Limited” konsorsiumy döredilip, “Türkmengaz” onuň lideri hökmünde saýlanyldy.

Gaz geçirijisiniň gurluşygyna 2015-nji ýylyň dekabrynda girişmek bellenilýär. Türkmen tarapynyň çaklamagyna görä, gaz geçirijisini çekmek 3,5 ýyldan 4 ýyla çenli möhleti öz içine alyp biler.

Amangeldi NURMYRADOW

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň