Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabadyň günorta-günbatar böleginde iri şähergurluşyk taslamasyny durmuşa geçirmegiň 14-nji nobatdakysynyň gurluşyklary dowam etdirilýär

10:0431.10.2015
0
4801

Aşgabadyň günorta-günbatar böleginde, Bitarap Türkmenistan we Garaşsyzlyk şaýollarynyň hem-de Oguzhan we 1971-nji (G.Ezizow) köçeleriniň aralygynda iri şähergurluşyk taslamasyny durmuşa geçirmegiň 14-nji nobatdakysynyň gurluşyklary dowam etdirilýär. 12 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň on bäşisiniň we beýik ýaşaýyş jaýlarynyň ikisiniň 2-4-nji gatlarynda abatlaýyş işleri alnyp barylýar. Ýene bäş binanyň düýbüni tutmak işleri geçirilýär. Şu çäkde gurulmagy göz öňünde tutulýan çagalar bagynyň hem binýady goýuldy.

Umuman, paýtagty gurmagyň 14-nji tapgyrynyň çäklerinde 23 desga gurlar. Olaryň 22-si birinji gatynda senagat we azyk harytlary dükanlary ýerleşjek 44-66 otagly ýokary amatlyklary bolan 12 gatly ýaşaýyş jaýlarydyr. Şeýle hem bu ýerde 160 orunlyk çagalar bagy gurlar.

Täze ýaşaýyş toplumy guruljak desgalarynyň 18-si jemgyýetçilik we edara maksatly binalar boljak şäheri gurmagyň 13-nji nobatdakysynyň desgalary bilen goňşy aralykda dörediler. Gurluşyk işlerini desgalary taýýar edip, ulanyşa tabşyrmak bilen birlikde indiki ýylyň oktýabrynda tamamlamak bellenilýär.

Şäheri gurmagyň 14-nji nobatdakysynyň taslamasyny taýýarlaýjylar tarapyndan ýanaşyk çäkleri abadanlaşdyrmak we gök zolaga öwürmek göz öňünde tutulýar. Şeýle hem bu ýerde çagalar oýnar ýaly, dynç almak, sport bilen meşgullanmak, medeni-köpçülik çärelerini, dabaralary geçirmek, awtoulaglary goýmak üçin meýdançalar gurlar.     

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň