Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidentiniň uçary Daşogzuň howa menziliniň täze uçuş-gonuş zolagynda gonan ilkinji uçar boldy

09:2131.10.2015
0
5032

30-njy oktýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Daşoguz welaýatyna amala aşyran iş saparynyň barşynda döwlet Baştutany

Ukrainanyň “Altkom” maliýe-senagat toparynyň jogapkärçiligi çäklendirilen jemgyýetiniň direktorlar geňeşiniň başlygy A.Tislenkonyň öz ýolbaşçylyk edýän düzüminiň Daşoguzyň howa menzilinde alyp barýan işleri, aýratyn-da, bu ýerde uçuş-gonuş zolagynyň birinji tapgyrynyň gurlup, ulanmaga berlendigi baradaky hasabatyny diňledi. Ýeri gelende aýtsak, döwlet Baştutanymyzyň uçary bu ýerde gurluşygy tamamlanan uçuş-gonuş zolagynda gonan ilkinji uçardyr.

“Altkomyň” ýolbaşçysy işlenip taýýarlanylan taslama laýyklykda häzirki zaman ýolagçy we ýük terminallarynyň, ugrukdyryjy ýodalaryň, howa gämileri üçin duralgalaryň, howa hereketini dolandyryş gullugynyň diňleriniň, şeýle hem degişli desgalaryň başga-da birnäçesiniň gurluşygynyň alnyp barylýandygyny habar berdi.

Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, bu kompaniýanyň ýerine ýetirýän işleriniň möhüm ähmiýete eýedigini nygtady we munuň üstünlikli ösdürilýän türkmen-ukrain gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ösdürilmeginde möhüm ähmiýetiniň bardygyny aýtdy. Milletiň Lideriniň belleýşi ýaly, ýurdumyzyň raýat awiasiýasyny döwrebaplaşdyrmak Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011—2030-njy ýyllar üçin strategiýasynyň iri möçberli wezipeleriniň biridir.

Türkmenistanyň dünýäniň gyzyklanma bildirýän ýurtlary bilen birek-birege ynanyşmak we açyklyk esasynda ýola goýulýan hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny belläp, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Ukrainanyň Prezidenti Pýotr Poroşenkonyň ýurdumyza bolan resmi saparynyň çäklerinde düýn Aşgabatda geçirilen ýokary derejedäki türkmen-ukrain gepleşikleriniň barşynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek üçin giň mümkinçilikleri açýan ylalaşyklaryň gazanylandygyny aýtdy. Munuň özi Türkmenistanda işleýän ukrainaly işewür toparlaryň mundan beýläk-de netijeli işlemegine oňyn şertleri döredýär diýip bellemek bilen, döwlet Baştutany howa menziliniň degişli düzümleriniň gurluşygyny alyp barýan kompaniýanyň ýolbaşçylaryna we işgärlerine işlerinde üstünlik arzuw etdi.

“Altkom” maliýe-senagat toparynyň jogapkärçiligi çäklendirilen jemgyýetiniň ýolbaşçysy bildirilen ynam üçin hoşallyk bildirip, öz gezeginde türkmen-ukrain hyzmatdaşlygynyň döwrüň talabyna laýyk derejede ösdürilmegine mynasyp goşant goşmak ugrunda ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna Türkmenistanyň Prezidentini ynandyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň