Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Daşoguzda täze metjidiň açylyş dabarasyna gatnaşdy

23:2230.10.2015
0
6836

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow täze metjidiň ulanyşa giriziliş dabarasyna gatnaşdy. Ol “5M” türk firmasy tarapyndan Görogly şaýolunda, täze seýilgäh toplumyna ýanaşyk çäkde guruldy. Bu metjidiň düýbüni tutmak dabarasyna 2013-nji ýylda milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň hut özi gatnaşypdy.

60 müň kwadrat metr meýdany tutýan täze desga ak mermer binalar toplumydyr. Namaza gelýänleriň 3 müňüsine niýetlenen metjidiň özünden başga-da, bu ýerde sadaka çäresini geçirer ýaly 1500 orunlyk pawilýon, şeýle hem binalaryň ýaşaýyş üpjünçilik düzüm bölegi enjamlaşdyrylypdyr. Bir wagtda 200 myhmanyň ähli amatlyklary bolan otaglarda ýerleşmegine niýetlenen üç gatly myhmanhanada ähli zerur şertler döredilipdir. Bu ýerde 84 otag, şol sanda “lýuks” otaglary hem bar.

Metjidiň binasy milli jaý salmak sungatynyň iň gowy däplerinde ýerine ýetirilipdir. Metjidiň mozaika usulynda ýerine ýetirilen merkezi gümmeziniň diametri 38 metre, beýikligi 40 metre, dört minarasynyň her biriniň beýikligi bolsa 63 metre barabardyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň