Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti bank ulgamynyň işgärlerini milli manadyň dolanyşyga girizilmeginiň 22 ýyllygy bilen gutlady

22:4530.10.2015
0
3255

Eziz watandaşlar!

Hormatly bank ulgamynyň işgärleri!

Sizi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ykdysady ösüşleriniň we üstünlikleriniň nyşany bolan milli manadymyzyň dolanyşyga girizilmeginiň 22 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Milli manadymyzyň dolanyşyga girizilmegi ykdysadyýetimiziň sazlaşykly ösmegi, garaşsyz pul-karz syýasatynyň alnyp barylmagy üçin zerur bolan amatly şertleri döretdi. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň möhüm pudagy bolan bank ulgamy çalt depginler bilen ösýän ulgamlaryň birine öwrüldi. 2015-nji ýylyň başynda Türkmenistanyň alyp barýan daşary ýurt puly syýasatynda esasy özgertme amala aşyryldy, ýagny milli puluň daşary ýurt puluna bolan gatnaşygy bütindünýä ykdysadyýetiniň häzirki zaman çylşyrymly ýagdaýyna laýyklykda üýtgedildi. Bu bolsa ýurdumyzyň halkara bazarlarynda bäsleşige ukyplylygyny saklamaga şert döretdi we Türkmenistanyň daşary söwdasynyň düzümini kämilleşdirmek ugrunda ädilen möhüm ädimleriň birine öwrüldi. Milli puluň daşary ýurt puluna bolan gatnaşygynyň üýtgedilmegine halkara bilermenler we iri maliýe düzümleriniň wekilleri tarapyndan ýokary baha berildi.

Häzirki döwürde ykdysadyýetimiziň bank ulgamynyň ygtybarlylygyny has-da ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan işler döwlet syýasatymyzda möhüm orny eýeleýär. Bu ulgamyň durnukly işlemegi ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň bäsleşige ukyplylygyny, depginli ösüşini üpjün etmek we dünýä ykdysady giňişligine goşulyşmagy üçin möhümdir. Bank işiniň netijeli we ygtybarly bolmagyna gönükdirilen uzakmöhletleýin işler maksatnamalaýyn esasda alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, milli manadymyzyň hümmetini mundan beýläk-de durnukly saklamak, bank hyzmatlarynyň gerimini giňeltmek we hil taýdan halkara derejelere çykarmak, dünýä tejribesiniň öňdebaryjy usullaryny we innowasion tehnologiýalaryny bank işine ornaşdyrmak bank ulgamynyň esasy wezipeleri bolup durýar.

Hormatly bank ulgamynyň işgärleri!

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda bank işini kadalaşdyrýan kanunçylyk namalary halkara ölçeglere laýyk getirilýär. Ýurdumyzyň banklarynyň döwrebap, täze innowasion tehnologiýalar bilen üpjün edilen edara binalary we şahamçalary gurulýar, olaryň maliýe binýady berkidilýär. Şeýle hem bank ulgamynyň işgärleriniň hünär derejesi ýurdumyzda we daşary ýurtlarda geçirilýän okuwlar, maslahatlar arkaly yzygiderli ýokarlandyrylýar.

Biz geljekde hem pul-karz syýasatyny yzygiderli kämilleşdirmäge, ykdysadyýetimiziň önümçilik we eksporta gönükdirilen pudaklaryna maliýe taýdan goldaw bermäge, halkara maliýe guramalary bilen netijeli hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge, bank ulgamynyň kanunçylyk binýadyny has-da berkitmäge, iň täze innowasion, döwrebap tehnologiýalary giňden ornaşdyrmaga aýratyn üns bereris.

Eziz watandaşlar!

Hormatly bank ulgamynyň işgärleri!

Sizi Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň milli manadynyň dolanyşyga girizilmeginiň 22 ýyllygy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň her biriňize berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, asuda we bagtyýar durmuş, berkarar döwletimizi mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow.

 

                               

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň