Paýtagt muzeýinde ýaş suratkeşleriň döredijilik mümkinçiliklerini kesgitleýän sergi geçirildi

0
421
0
0

Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde çeperçilik sungatynyň dürli ýaşlardaky wekilleriniň sergisi geçirildi.

Sergide türkmen şekillendiriş sungatynyň D.Baýramow, Ý.Baýramow, Ý.Adamowa, G.Öwezowa, S.Meredow ýaly görnükli wekilleriniň taryhyň dürli döwürleri, türkmen tebigaty, zähmetkeşleriň durmuşy hakynda söhbet açýan eserlerinden başlap döwürdeş suratkeşlerimziň sungat eserlerine çenli ýaýbaňlandyrylypdyr.

Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan geçirilen bu sergide žiwopis, keramika, heýkeltaraşlyk we zergärçilik sungatlarynyň wekilleriniň eserlerine-de giň orun berildi.

Sergä çeperçilik sungatynyň ýaş wekilleriniň eserleriniň hem gatnaşdyrylmagy olaryň geljekde has-da höweslenmegi we halypalardan sapak almagy üçin iňňän ähmiýetli boldy.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru