Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Daşoguz şäherinde Baş baýdak sütüniniň açylyş dabarasyna gatnaşdy

22:0230.10.2015
0
5726

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 24 ýyllygy mynasybetli dabaralar 30-njy oktýabrda Daşoguz welaýtynyň merkezinde Baş baýdak sütüniniň açylmagy bilen dowam etdi.

Welaýatyň Baş baýdak sütüniniň açylyş dabarasyna Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow, ýurduň ýolbaşçy düzüminiň wekilleri, welaýat we etrap häkimleri, ýaşulular, Daşoguz şäheriniň ýaşaýjylary we beýleki köp sanly myhmanlar gatnaşdy.

Türkmenistanyň Döwlet senasynyň ýaňlanmagy bilen 100 metr belentlikdäki Döwlet baýdagy asmana galdyryldy. Dabara gatnaşyjylar bu tolgundyryjy pursatlary şowhunly el çarpyşmalary bilen gutladylar.

Mälim bolşy ýaly. Baş baýdak sütünleri Mary, Türkmenabat şäherlerinde we Türkmenbaşy şäheriniň Awaza etrabynda hem dikilipdi. Aşgabatda gurlan 133 metrlik Baş baýdak sütüni bolsa 2010-njy ýylda  Ginnesiň Rekordlar kitabyna girdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň