Tebigat we daşky gurşawy goramak baradaky žurnalyň nobatdaky sany çapdan çykdy

0
897
0
0

Türkmenistanyň Tebigaty goramak ministrligi tarapyndan üç aýdan bir gezek neşir edilýän “Ekologiýa medeniýeti we daşky gurşawyň goragy” atly ylmy-populýar žurnalyň nobatdaky sany çapdan çykdy.

Žurnalda berlen makalalar Hazar deňziniň suw gurşawuny goramak baradaky Çarçuwaly Konwensiýanyň güýje giren senesi mynasybetli Hazaryň Gününiň ähmiýetine bagyşlandy. Geçen ýylyň tomsunda Aşgabatda geçirilen Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň durnukly ösüş boýunça Hökümetara iş toparynyň mejlisi hem žurnalyň redaksiýasynyň uly üns beren meselesi boldy.    

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru