Aşgabadyň ýöriteleşdirilen küşt-şaşka mekdebinde höwesjeňleriň arasynda küşt we şaşka boýunça ýaryşlar geçiriler

17:4630.10.2015
0
9456

2015-nji ýylyň 8—11-nji noýabry aralygynda Aşgabat şäheriniň ýöriteleşdirilen küşt-şaşka mekdebinde höwesjeňleriň arasynda küşt we şaşka boýunça ýaryşlar geçiriler.

Ýaryşlara hasaba alnan höwesjeň küştçüleriň we şaşkaçylaryň ählisi gatnaşyp biler. Ýaryşlaryň ýeňijilerine “Dragon Oýl” (Türkmenistan) Ltd.” kompaniýasyndan baýraklar garaşýar.

Ýaryşlara gatnaşyjylary hasaba almak 2015-nji ýylyň 1-nji noýabryna çenli 21-18-26, 21-18-27 telefon belgileri boýunça geçiriler.  

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň