Ukrainanyň Prezidenti mukaddesliklere gül desselerini goýdy, Halkara atçylyk sport toplumyna bardy

15:2330.10.2015
0
1176

29-njy oktýabrda günüň ikinji ýarymynda Ukrainanyň Prezidenti Pýotr Poroşenko Garaşsyzlyk binasyna gül goýdy. Asylly däbe görä, Ukrainanyň Baştutany Hormatly myhmanlar seýilbagynda iki ýurduň we halklaryň arasyndaky mizemez dostlugyň nyşany hökmünde agaç nahalyny oturtdy.

Şol ýerden ukrain Lideriniň awtoulag kerweni Gypjak obasyna ugraýar, bu ýerde Pýotr Poroşenko kümmete gül dessesini goýup, Türkmenistanyň ilkinji Prezidentiniň ýagty ýadygärligini hatyralady we Türkmenbaşynyň Ruhy metjidine baryp gördi.

Şu gün Ukrainanyň Prezidenti Halkara atçylyk sport toplumyna bardy. Belent mertebeli myhman bu ýerde gözelligiň, syrdamlylygyň hem-de asyllylygyň hakyky nyşany hasaplanýan ahalteke bedewlerini köpeltmegiň taryhy barada köp gyzykly zatlary eşitdi hem-de şöhratly bedewleri köpeltmek we saklamak, bäsleşikleri hem-de baýramçylyk atçylyk sport dabaralaryny geçirmek üçin döredilen şertlere haýran galýandygyny aýtdy. Belent mertebeli myhmana gözelligi hem-de syratlylygy bilen haýran galdyrýan naýbaşy ahalteke bedewleri görkezildi.

Şeýle hem şu gün Ukrainanyň Prezidenti Aşgabadyň taryhy merkezinde ornaşdyrylan ajaýyp ukrain şahyry Taras Şewçenkonyň ýadygärligine gül goýdy. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň