“Medet-Emir” gurluşyk kompaniýasy 240 orunlyk üç gatly awtoduralgalaryň ikisiniň gurluşygyna girişdi

23:3029.10.2015
0
4869

Ýurdumyzyň “Medet-Emir” hususy gurluşyk kompaniýasy 240 orunlyk üç gatly awtoduralganyň gurluşygyna girişdi. Ol türkmen paýtagtynyň merkezindäki “Altyn asyr” söwda merkezine ýanaşyk çäkde ýerleşer.

Hut şeýle awtoduralganyň ýene biri Aşgabat şäheriniň häkimliginiň buýurmasy boýunça B.Kerbabaýew we M.Kösäýew köçeleriniň kesişýän ýerinde gurulýar.

Nusga taslamasyna laýyklykda duralganyň üçegi goşmaça gat hökmünde peýdalanylar, şeýle hem ol ýerde ulag goýulýan zolak ýerleşer. Şeýlelikde, umumy peýdaly meýdan 7215 kwadrat metre barabar bolar. 54 awtoulagy ýerleşdirmäge niýetlenen birinji gatda awtoätiýaçlyk şaýlary satylýan dükan we ulag ýuwulýan açylar. Gatlaryň her indikisinde duralga ýerleri köpeler — 62 bolar. Desgalary gurup, ulanmaga bermek 2016-njy ýylyň ahyryna bellenilýär.

Täze awtoduralgalaryň gurulmagy “Gülüstan” bazaryna ýanaşyk çägi ulaglardan boşatmaga we şol bir wagtyň özünde oňa barmagy ýeňilleşdirmäge ýardam eder.

Umuman, türkmen paýtagtyny özgertmegiň meýilnamasynda ýakyn ýyllarda nusga taslamalary boýunça 240 orunlyk awtoduralgalaryň on birisini we 400 orunlyk awtoduralgalaryň sekizisini gurmak bellenilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň