Türkmenistanyň we Ukrainanyň Prezidentleriniň arasyndaky gepleşikleriň jemleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalaryň onusyna gol çekildi

0
1124
2
2

Ukrainanyň Prezidenti Pýotr Poroşenkonyň Türkmenistana resmi saparynyň çäklerinde ikitaraplaýyn resminamala gol geçmek dabarasy boldy.

«Ruhyýet» köşgünde geçirilen dabarada Türkmenistanyň Hökümeti bilen Ukrainanyň Ministrler Kabinetiniň arasynda senagat babatda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Ylalaşyga, Türkmenistanyň Hökümeti bilen Ukrainanyň Hökümetiniň arasynda oba hojalygy babatda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Ylalaşyga, Syýahatçylyk babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Syýahatçylyk baradaky döwlet komiteti bilen Ukrainanyň Ykdysady ösüş we söwda ministrliginiň arasyndaky Ylalaşyga, Türkmen-ukrain gatnaşyklarynyň şertnamalaýyn-hukuk binýadyny tükellemek barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň arasyndaky Teswirnama, Halkara nebit we gaz uniwersiteti (Türkmenistan) bilen Iwano-Frankowskiniň Milli tehniki nebit we gaz uniwersitetiniň (Ukraina) arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Ylalaşyga, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti bilen Ukrainanyň Bioserişdeleri we tebigaty ulanyş Milli uniwersitetiniň arasynda özara hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Şertnama, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti bilen Harkowyň Pýotr Wasilenko adyndaky milli oba hojalyk tehniki uniwersitetiniň arasynda özara hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Şertnama, Türkmen döwlet ulag we aragatnaşyk instituty bilen Dnepropetrowskiniň akademik W.Lazarýan adyndaky Milli demir ýol ulaglary uniwersitetiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Şertnama, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti bilen Kiýewiň Taras Şewçenko adyndaky milli uniwersitetiniň arasynda bilelikdäki işleri geçirmek we hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Şertnama gol çekildi.

Ýygnananlaryň el çarpyşmalary astynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Ukrainanyň Prezidenti Pýotr Poroşenko Bilelikdäki Beýannama gol çekdiler.

Resminamalara gol çekmek dabarasy tamamlanansoň, iki ýurduň Prezidentleri metbugata ýüzlenme bilen çykyş etdiler.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru