Arhiw

Aşgabatda TOPH gaz geçirijisi boýunça möhüm resminamalar ara alnyp maslahatlaşyldy we taýýarlanyldy

10:5629.10.2015
0
4595

23—24-nji oktýabrda Aşgabatda Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan (TOPH) gaz geçirijiniň taslamasy boýunça bilermenleriň işçi toparynyň hem-de Ýolbaşçy Komitetiň mejlisleri geçirildi. Duşuşyga bu taslama gatnaşýan ýurtlaryň dördüsinden ministrler, pudak edaralarynyň hünärmenleri we ýolbaşçylary, şeýle hem Aziýanyň Ösüş bankynyň (AÖB) wekilleri gatnaşdylar. Hünärmenleriň iki gün dowam eden işiniň netijeleri boýunça möhüm resminamalar ara alnyp maslahatlaşyldy we taýýarlanyldy. Olar TOPH gaz geçirijiniň taslamasyny has-da ilerletmek üçin kuwwatly itergi bolar — diýip, “Nebit-gaz” gazeti belleýär.

Işçi toparyň mejlisiniň barşynda oňa gatnaşanlar iş meýilnamasyna we býujete gara­dylar, olar geljek­ki maýa goýum ylalaşygynyň es­asynda goýlar.

TOPH taslamasy boýunça Işçi Komitetiň mejlisiniň gün tertibine paýdarlar we maýa goýum ylalaşyklaryny taýýarlamak bilen bagly bolan möhüm meseleler girizildi. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Baýmyrat Hojamuhammedow mejlisi açyp, häzirki wagtda TOPH taslamasynyň aýgytlaýjy tapgyrda durýandygyny, ylalaşyklaryň gazanylmagy netijesinde, ýakyn wagtda bu gaz geçirijiniň gurluşygyna badalga bermegi göz öňünde tutýandygyny aýtdy.

Şeýlelikde, Aşgabatda geçirilen duşuşykda TOPH taslamasyny has-da ösdürmek boýunça ylalaşyk gazanyldy. Owganystanyň, Pakistanyň we Hindistanyň nebitgaz edaralarynyň ýolbaşçylary çykyş edip, TOPH gaz geçirijisiniň taslamasyna gatnaşýan ýurtlaryň her birine ykdysady peýda getirmek bilen çäklenmän, eýsem, Aziýa sebitinde ykdysady ösüş we syýasy durnuklylyk üçin itergi döreder diýip bellediler. Şunuň bilen baglylykda, çykyş edenler türkmen tarapyna hem-de Türkmenistanyň Prezidentine TOPH gaz geçirijiniň gurluşygyny çaltlandyrmak boýunça işjeň ädimleri üçin hoşallyk sözlerini beýan etdiler. AÖB-niň wekilleri tarapyndan ägirt uly halkara ähmiýeti bolan bu düzüm taslamasynyň mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn goldanyljakdygy aýdyldy.

Mejlisiň jemleri boýunça oňa gatnaşyjylar TOPH gaz geçirijiniň Ýolbaşçy Komitetiniň paýdarlar ylalaşygy boýunça ylalaşyga gel­diler — diýlip, “Nebit-gaz” gazetiniň habarynda aýdylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň