Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidentiniň we Ýaponiýanyň Premýer-ministriniň arasynda geçirilen gepleşikler dünýäniň işewür we jemgyýetçilik toparlarynda uly seslenme döretdi

09:4129.10.2015
0
4566

Türkmenistanyň Prezidentiniň we Ýaponiýanyň Premýer-ministriniň arasynda geçirilen gepleşikler dünýäniň işewür we jemgyýetçilik toparlarynda uly seslenme döretdi. 2015-nji ýylyň 22—24-nji oktýabrynda Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we ýurdumyza ilkinji resmi sapary bilen gelen Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sindzo Abeniň arasynda geçirilen gepleşikler dünýäniň işewür we jemgyýetçilik toparlarynda uly seslenme döretdi. Ýokary derejede geçirilen nobatdaky türkmen-ýapon duşuşygynda hyzmatdaşlygyň ähli ugurlary boýunça — syýasy, söwda-ykdysady, maýa goýum we ynsanperwer ugurlarda özara gatnaşyklary giňeltmäge gönükdirilen resminamalaryň birnäçesine gol çekildi.

Aşgabatda ýokary derejede geçirilen türkmen-ýapon gepleşikleriniň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sindzo Abe Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak barada Bilelikdäki Beýannama gol çekdiler. Bu resminama taraplaryň däbe öwrülen, uzakmöhletleýin, özara bähbitli esasda guralýan döwletara gatnaşyklaryny hemmetaraplaýyn giňeltmegi ugur edinmeginiň aýdyň subutnamasyna öwrüldi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň öňünde çykyş edip nygtaýşy ýaly, gepleşikler taraplaryň söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň ähli görnüşlerini ösdürmäge, Türkmenistanyň çäginde täze giň möçberli önümçilik taslamalaryny durmuşa geçirmekde bilelikdäki maýa goýum işi üçin şertleri döretmäge hemmetaraplaýyn goldaw bermäge taýýardygyny görkezdi. Gurluşykda, nebiti we gazy gaýtadan işlemekde, himiýa senagatynda, elektroenergetikada we beýleki pudaklarda hyzmatdaşlyk etmegiň uly kuwwatynyň hem-de özara gatnaşyklaryň oňyn tejribesiniň bardygy bellenildi.

Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sindzo Abe geçirilen gepleşikleriň netijeli bolandygyny kanagatlanma bilen belläp, olaryň netijeleriniň türkmen-ýapon hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de işjeňleşdirmäge ýardam etjekdigine, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň täze sepgitlerini açjakdygyna hem-de ony täze derejä çykarjakdygyna ynam bildirdi.

Sapara gabatlanyp geçirilen işewürler maslahaty Ýaponiýanyň işewür we maliýe toparlarynyň çalt depginler bilen ösýän Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmäge uly gyzyklanma bildirýändigini aýdyň görkezdi, bu maslahata türkmen Lideri we belent mertebeli ýapon myhmany hem gatnaşdylar.

Forumyň çäklerinde umumy bahasy ABŞ-nyň 18 milliard dollaryndan gowrak bolan bilelikdäki taslamalary amala aşyrmaga gönükdirilen ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi. Olaryň hatarynda «Türkmengaz» döwlet konserni bilen «JGC Corporation» (Ýaponiýa, Tokio), «Itochu Corporation» (Ýaponiýa, Tokio), «Gap Inşaat Ýatirim ve Diş Tijaret Anonim Şirketi» (Türkiýe Stambul) kompaniýalar konsorsiumynyň arasynda gol çekilen Daşoguz welaýatynda etileni pes dykyzlykly çyzykly polietilen öndürmek boýunça taslama barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama bar.

Türkmenistanda Japan-GTL taslamasy boýunça Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty we mineral serişdeler ministrliginiň, «Türkmengaz» döwlet konserniniň we Ýapon nebit, gaz we metal milli korporasiýasynyň («JOGMEC») arasynda özara düşünişmek baradaky Ähtnama;

«Türkmengaz» döwlet konserni bilen «Mitsubishi Corporation» (Ýaponiýa) we «Gap Inşaat Ýatirim ve Diş Tijaret Anonim Şirketi» (Türkiýe) kompaniýalar konsorsiumynyň arasynda Türkmenistanda gazy polimerlere gaýtadan işleýän zawodyň gurluşygy boýunça taslama hakynda Çarçuwaly ylalaşyk;

Türkmenistanyň Suw hojalyk ministrligi bilen Ýaponiýanyň «Marubeni» korporasiýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky («TFEB») bilen «Sumitomo Mitsui Banking Corporation» («SMBC») bankynyň arasynda hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşyk;

«Türkmenhimiýa» döwlet konserni bilen «Mitsubishi Corporation» (Ýaponiýa) we «Gap Inşaat Ýatirim ve Diş Tijaret Anonim Şirketi» (Türkiýe) kompaniýalar toparynyň arasynda «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň himiýa senagatynda amala aşyrylýan taslamalary boýunça hyzmatdaşlyk etmek barada Çarçuwaly ylalaşyk;

«Türkmenhimiýa» döwlet konserni bilen «Sojitz Corporation» (Ýaponiýa), «TTCL Public Company Limited» (Tailand) we «Rönesans Endüstri Tesisleri Inşaat Sanaýi ve Tijaret Anonim Şirketi» (Türkiýe) kompaniýalar toparynyň arasynda Türkmenistanda, Türkmenabadyň himiýa zawodynda konsentrirlenen fosfor dökünlerini öndürýän toplumynyň taslamasyny düzmek we ony ulanmaga doly taýýar edip gurmak barada Çarçuwaly ylalaşyk;

Tü r k m e n i s tanyň Energetika ministrliginiň «Türkmenenergo» Döwlet elektroenergetika korporasiýasy bilen «Sumitomo» korporasiýasynyň arasynda Türkmenistanyň Lebap welaýatynyň Serdarabat etrabynda umumy kuwwatlylygy 432 MWt (ISO şertinde) bolan ýönekeý dolanyşykda işleýän gazturbinaly elektrik stansiýasynyň taslamasyny düzmek we ony ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak barada Şertnama;

«Türkmengaz» döwlet konserni we «Itochu Corporation», «JGC Corporation», «Mitsubishi Corporation», «Chiyoda Corporation», «Sojitz Corporation», «Çalik Group of Companies» we «Rönesans Endüstri Tesisleri Inşaat Sanaýi ve Tijaret Anonim Şirketi» kompaniýalar konsorsiumynyň arasynda Türkmenistanda «Galkynyş» gaz ýatagyny özleşdirmek boýunça» gurluşygyň taslamasy hakynda Çarçuwaly ylalaşyk. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň