Soňky habarlar

Arhiw

Ukrainanyň Prezidenti Pýotr Poroşenko resmi sapar bilen Aşgabada geldi

23:4828.10.2015
0
3600

Şu gün Aşgabatda ýokary derejedäki türkmen-ukrain gepleşikleri geçiriler. Oňa gatnaşmak üçin düýn agşam Ukrainanyň Prezidenti Pýotr Poroşenko resmi sapar bilen Aşgabada geldi.

Ýokary derejede geçiriljek bu gezekki duşuşyk deňhukuklylyk we özara peýdaly esaslara daýanýan döwletara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de işjeňleşdirmäge ýardam berer.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan we Ukraina döwlet garaşsyzlygy ýyllary içinde taraplaryň ýygjam we milli ykdysadyýetleriň netijeli gatnaşyklaryna bolan hemmetaraplaýyn taýýarlygyny äşgär edýän ylalaşdyryjy-hukuk binýadyny döretdiler.

Gol çekilen we bilelikdäki iş üçin ygtybarly binýady emele getiren dürli derejedäki ikitaraplaýyn resminamalara laýyklykda, ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-ukrain topary döredildi. Şunlukda senagat we durmuş maksatly birnäçe möhüm desgalaryň gurluşygy amala aşyryldy we şeýle taslamalary ýerine ýetirmek dowam edýär.

Şäher we ulag düzümini ösdürmek boýunça bilelikdäki iri taslamalar özara peýdaly gatnaşyklaryň esasyny düzýär. Gürrüň Amyderýanyň üstünden geçýän demir ýol we awtomobil köprüleriniň gurluşygy, Aşgabatda zeýkeş-aragatnaşyk ötüginiň gurulmagy barada barýar. Ukrainanyň belli kompaniýalary birnäçe ýyllaryň dowamynda Türkmenistanyň nebitgaz senagaty üçin möhüm bolan desgalaryň gurluşygyna hem işjeň gatnaşýarlar.

Bu gezekki geçiriljek Aşgabat duşuşygynyň barşynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Pýotr Poroşenko milli bähbitleri hem-de Türkmenistanyň we Ukrainanyň döwlet ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryny nazara almak bilen, ýola goýulýan türkmen-ukrain hyzmatdaşlygynyň gyzyklanma bildirilýän häzirki ýagdaýyny we geljekki ösüşini öz içine alýan meseleleriň toplumyny ara alyp maslahatlaşarlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň