Türkmenistandan Owganystanyň doganlyk halkyna ynsanperwerlik kömegi ugradyldy

0
1385
9
0

28-nji oktýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gol çeken  Buýrugyna laýyklykda, 26-njy oktýabrda  bolan güýçli ýer titremesi zerarly ejir çeken goňşy Owganystana gurluşyk serişdelerinden hem-de azyk önümlerinden ybarat bolan ynsanperwerlik ýüki ugradyldy. 

Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Senagat ministrligi we “Türkmengallaönümleri”  döwlet birleşigi tarapyndan muzdsuz berlen önümleri ýörite awtoulag kerweni bellenen ýere ýetirýär.

Eýýäm ýakyn wagtda ynsanperwerlik kömegi Owganystan Yslam Respublikasynyň demirgazyk welaýatlarynyň – Badahşan, Tahar, Nangarhar, Kunar we Kabul welaýatlarynyň ejir çeken ilatynyň arasynda paýlanar.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru