Arhiw

Naýbaşy Kubok: baş baýramyň futbol şowhuny

12:2228.10.2015
0
1865

28-nji oktýabrda Aşgabadyň «Köpetdag» stadionynda Türkmenistanyň Naýbaşy Kubogy ugrunda futbol duşuşygy geçiriler. Ýylyň iň güýçli toparyny kesgitleýän bu duşuşyk indi 10-njy sapar geçirilýär. Bu gezek 2014-nji ýylyň futbol möwsüminiň çempiony «Altyn asyr» bilen Türkmenistanyň Kubogynyň eýesi «Ahal»  topary duşuşar. Duşuşygyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Naýbaşy Kubogy bilen baglanyşykly käbir sanlara we maglumatlara ünsüňizi çekmek isledik:

— «Ahal» Türkmenistanyň Naýbaşy Kubogy ugrundaky duşuşyga bassyr ikinji gezek gatnaşýar. Topar şolaryň ikisine hem Türkmenistanyň Kubogynyň eýesi hökmünde gatnaşýar;

— «Altyn asyr» Naýbaşy Kubok duşuşygyna taryhynda üçünji gezek gatnaşýar. Mundan öň 2009-njy we 2011-nji ýyllarda Naýbaşy Kubok üçin duşuşyklara gatnaşan «aragatnaşykçylar» ikisinde-de ýeňildi;

— Eger şu duşuşyk «Ahalyň» peýdasyna tamamlansa, topar taryhyndaky ikinji Naýbaşy Kubogyny gazanar. Ýeňiş «Altyn asyryň» tarapynda bolsa, onda topar taryhynda birinji gezek ýurdumyzyň Naýbaşy Kubogyna mynasyp bolup görer;

— Türkmenistanyň Naýbaşy Kubogyna iň kän mynasyp bolan toparlar HTTU bilen «Balkandyr». Olaryň her haýsy Naýbaşy Kubogy 3 gezek eýeledi. «Merw», «Aşgabat» we «Ahal» toparlarynda bolsa bir Naýbaşy Kubok bar;

— HTTU Türkmenistanyň Naýbaşy Kubogy ugrundaky duşuşyklara iň kän gatnaşan topardyr. «Talyplar» yzda galan 9 duşuşygyň 6-syna gatnaşdylar. Ikinji orunda bolsa «Balkanyň» ady gelýär. «Nebitçiler» Naýbaşy Kubogyň 4 duşuşygyna gatnaşdylar.

— Yzda galan 9 duşuşykdan soňra, Naýbaşy Kubok ugrunda biri-biri bilen iň kän duşuşan toparlar HTTU bilen «Balkandyr». Bu toparlaryň araysnda geçirilen 3 duşuşygyň ikisi «Balkanyň» ýeňşi bilen tamamlandy;

— Türkemnistanyň Naýbaşy Kubogy ugrunda geçirilen 9 duşuşygyň 3-sinde ýeňiji 11 metrlik jerime urgularynyň netijesinde kesgitlenildi;

— Ýokary ligada 2005-nji ýyldan bäri çykyş eden toparlaryň 7-si Naýbaşy Kubok duşuşyklaryna gatnaşyp gördüler. Şolardan ikisi — «Altyn asyr» we «Şagadam» entek Naýbaşy Kuboga mynasyp bolup görenok.

— «Balkan» Türkmenistanyň Naýbaşy Kubogynyň duşuşyklaryna bassyr 3 gezek gatnaşyp bilen ýeketäk topardyr.

 

Şu wagta çenli geçirilen Naýbaşy Kubok duşuşyklarynyň netijeleri:

 

2005: HTTU 4 — 1 «Merw» (Mämmedaly Karadanow 5, 67, Berdi Şamyradow 86, 90+3 — Oleg Ýüzbaşýan 3)

2006: «Balkan» 3 — 2 HTTU (Hojaahmet Arazow 7, Hemra Amanmämmedow 52, Rahmanguly Baýlyýew 80 (pen) — Berdi Şamyradow 13, Begli Nurmyradow 67)

2007: «Aşgabat» 1 — 1 «Şagadam» (11 metrlik jerime urgularynyň netijesinde 3 — 2)

2008: «Merw» 3 — 2 «Aşgabat» (Witaliý Alikperow 8, 85, Dawid Aýrumýan 20 — Parahat Annaberdiýew 43, Arif Mirzoýew 71)

2009: HTTU 3 — 0 «Altyn asyr» (Döwran Allanazarow, Berdi Şamyradow (pen), Begli Nurmyradow)

2010: Geçirilmedi

2011: «Balkan» 4 — 2 «Altyn asyr» (Ýewgeniý Tkaçenko 35, Witaliý Alikperow 48, 63, Guwançmuhammet Öwekow 84 — Begmyrat Balakaýew 45, Ýusup Orazmämmedow 83)

2012: «Balkan» 2 — 1 HTTU (Gahrymanberdi Çoňkaýew 10, Nurgylyç Diwanow 90+5 — Berdi Şamyradow 89)

2013: «Balkan» 1 — 1 HTTU (11 metrlik jerime urgularyndan 3 — 4. Gollar: Wladimr Baýramow 70 — Hemra Amanmämmedow 90)

2014: HTTU 2 — 4 «Ahal» (Nurýagdy Muhammedow 9, 41 — Serdaraly Ataýew 17, Ata Geldiýew 35, Gahrymanberdi Çoňkaýew 55, Amir Gurbany 84)

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň