Öňde boljak Aziada — 2017 diňe bir milli sport senenamasynda däl, eýsem, dünýä möçberinde iň aýdyň we üýtgeşik tomaşaly wakasyna öwrüler

11:3028.10.2015
0
12364

Türkmenistanda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna toplumlaýyn taýýarlyk görmegiň çäklerinde uly işler alnyp barylýar. Bu oýunlar 2017-nji ýylda türkmen paýtagtynda, Olimpiýa şäherjiginiň binýadynda geçiriler.

Şu maksat bilen Olimpiýa oýunlaryny we iri sport çärelerini geçirmegiň iň gowy tejribesi öwrenilýär, sport ulgamynda olimpiýa desgalaryny dolandyrmakda, şeýle hem habarlar goldawy we şeýle çäreleri wagyz etmek babatda ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň hünärmenleriniň arasynda tejribe alyşmak ýola goýuldy. Öňde boljak Aziada — 2017 diňe bir milli sport senenamasynda däl, eýsem, dünýä möçberinde iň aýdyň we üýtgeşik tomaşaly wakasyna öwrüler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň