Türkmenistanyň Prezidenti Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdy

10:0128.10.2015
0
3259

27-nji oktýabrda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Garaşsyz Türkmen döwletiniň erkinligini, mäkämligini we parahatçylyk söýüjilik syýasatyny, döredijilik kuwwatyny hem-de nurana geljegini alamatlandyrýan Garaşsyzlyk binasynyň etegine gül goýmak dabarasyna gatnaşdy.

Dabara gatnaşyjylaryň arasynda Mejlisiň Başlygy, hökümet agzalary, harby we hukuk goraýjy edaralarynyň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň daşary döwletlerdäki ilçileri, ýurdumyzda resmi taýdan bellenen diplomatik wekilhanalaryň baştutanlary, halkara işewür toparlarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, hormatly ýaşulular, talyp ýaşlar, daşary ýurtlardaky watandaşlarymyz hem-de baýramçylyk çärelerine gatnaşmak üçin Aşgabada gelen köp sanly daşary ýurtly myhmanlar bar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň