Soňky habarlar

Arhiw

Gafuri Dünýä çempionaty — 2018-iň Türkmenistan bilen boljak saýlama duşuşygyna gatnaşyp bilmez

09:5928.10.2015
0
2861

Eýranyň ýygyndysynyň goragçysy Wuriýa Gafuri Dünýä çempionaty — 2018-iň Türkmenistan bilen boljak duşuşygyna gatnaşyp bilmez.

Tehran Times neşiriniň habaryna görä, 28 ýaşly W.Gafuri Ýaponiýa garşy 13-nji oktýabrda Tähranda geçirilen ýoldaşlyk duşuşygynda şikes aldy.

Eýranyň we Türkmenistanyň ýygyndylarynyň arasyndaky duşuşyk 12-nji noýabrda Tähranyň “Azady” stadionynda geçiriler.

Toparlaryň ikisi hem Aziýanyň “D” saýlama toparçasynda çykyş edýär. Bu toparçada 11 utuk bilen Omanyň ýygyndysy öňde barýar. Ondan bir oýun az geçiren eýranly futbolçylaryň 8 utugy bar we bu topar ikinji orunda barýar. 7 utuk toplan Türkmenistanyň ýygyndysy ýaryş tertibinde üçünji ýeri eýeleýär.

Şu ýaryşda bu toparlaryň arasyndaky ilkinji duşuşyk 16-njy iýunda Daşoguzda bolup geçdi we 1:1 hasabynda tamamlandy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň