Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidentine gynanç hatyny iberdi

09:5228.10.2015
0
5264

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Ganä Owganystanda bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna, şikes ýetmelerine hem-de weýrançylyklara getiren ýertitremesi zerarly gynanç hatyny iberdi.

Türkmenistanyň Baştutany gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna ýürekden gynanjyny we medet beriji sözlerini, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky arzuwlaryny beýan etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň