Türkmenistanyň Prezidenti “Sifal” fransuz kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

09:5028.10.2015
0
2734

27-nji oktýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Sifal” fransuz kompaniýasynyň ýolbaşçysy Žil Remini kabul etdi.

Myhman döwlet Baştutany bilen salamlaşyp we pursatdan peýdalanyp, milletiň Liderini giňden bellenilýän uly baýramçylyk — Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 24 ýyllygy bilen gutlady hem-de türkmen halkyna abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdi. Jenap Žil Remi meşhur fransuz kompaniýasynyň ýurdumyz bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge çalyşýandygyny tassyklap, Ýewropanyň we tutuş dünýäniň işewürliginiň okgunly ösýän hem-de amatly maýa goýum ýagdaýy döredilen türkmen bazaryna gyzyklanmanyň artýandygyny belledi.

Jenap Žil Remi “Sifalyň” täze bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge gyzyklanma bildirýändigini nygtap, özüniň ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň mundan beýläk hem öz üstüne alan hyzmatdaşlyk borçnamalarynyň ýerine ýetirilmegine berk eýerjekdigine ynandyrdy.

Duşuşygyň ahyrynda “Sifal” toparynyň ýolbaşçysy wagt tapyp kabul edendigi hem-de fransuz kompaniýasyna bildirýän ynamy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň Prezidentine berk jan saglyk hem-de ýurdumyzyň we halkymyzyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan giň möçberli işlerinde täze üstünlikleri arzuw etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň