Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti “Çalyk holding” kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

09:4428.10.2015
0
4333

27-nji oktýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Çalyk holding” kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalygy kabul etdi.

Myhman türkmen Liderini şanly sene — ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 24 ýyllygy bilen gutlamak babatda döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimize berk jan saglyk hem-de köpugurly işinde täze uly üstünlikler, ähli türkmen halkyna bolsa abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdi.

Türkiýeli işewür Garaşsyz hem Bitarap Türkmenistanyň durmuş we ykdysady taýdan kuwwatly döwletdigini, onuň Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň giň halkara hyzmatdaşlyk we ykdysady taýdan ýakynlaşmak boýunça daşary syýasat ugruny üstünlikli durmuşa geçirmegi netijesinde dünýä bileleşiginiň hakyky ykrarnamasyna eýe bolandygyny nygtady.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow gutlaglar we hoşniýetli arzuwlar üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň gyzyklanma bildirýän daşary ýurt kompaniýalary, şol sanda ýurdumyzda ägirt uly durmuş-ykdysady özgertmeleri durmuşa geçirmäge saldamly goşant goşýan türk kompaniýalary bilen açyk işewür hyzmatdaşlyk syýasatyna ygrarlydygyny nygtady. Türkmenistanyň bitewi energetika ulgamyny döretmek boýunça giň möçberli döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde “Çalyk holdingiň” gatnaşmagynda täsin desganyň — Mary welaýatynda utgaşdyrylan bug gaz elektrik stansiýasynyň gurulmagy munuň nobatdaky aýdyň subutnamasydyr.

Jenap Ahmet Çalyk milletiň Lideriniň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada habar berip, döwlet Baştutanyny özüniň ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň mundan beýläk-de öz üstüne alan borçnamalaryny birkemsiz ýerine ýetirjekdigine, özüne ynanylan taslamalary durmuşa geçirmek üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň