Soňky habarlar

Arhiw

Awazanyň “Daýanç” dynç alyş-sagaldyş merkezinde maýyp türgenleriň arasynda Kubok ýaryşlary geçirildi

14:0227.10.2015
0
17404

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň “Awaza” syýahatçylyk zolagyndaky “Daýanç” dynç alyş-sagaldyş merkezinde görüş boýunça maýyplaryň arasynda küşt we şaşka boýunça Türkmenistanyň Kubogy ugrunda ýaryş geçirildi. Türkmenistanyň Merkezi maýyplar sport klubunyň ýurt Garaşsyzlygynyň 24 ýyllygy mynasybetli guran bäsleşiginde ähli welaýatlardan zenan hem erkek türgenler gatnaşdy.

Küştçüler we şaşkaçylar medallar ugrunda aýlaw görnüşinde göreşdiler. Oýunlara guramaçylardan, ýaryşyň eminlerinden, şypahana şäheriň sport jemgyýetçiliginiň wekillerinden başga-da, bu ajaýyp künjekde dynç alýanlar tomaşa etdiler.

Küştçüleriň arasynda bäsleşik Balkan welaýatynyň toparynyň ynamly ýeňşi bilen tamamlandy. Bu toparyň esasy bölegini Magtymguly etrabynyň küştçüleri düzendigini-de bellemek gerek. Ikinji orny paýtagtly, üçünji orny bolsa lebaply türgenler eýelediler.

Şaşkaçylaryň ýaryşynda Lebabyň topary ýeňiji boldy. Marynyň we Aşgabadyň toparlary degişlilikde ikinji hem üçünji orunlara mynasyp boldular.

Şol bir wagtyň özünde “Daýanç” dynç alyş-sagaldyş merkezi daýanç-hereket ediş nokady maýyplaryň arasynda hem woleýbol boýunça Türkmenistanyň Kubogy ugrundaky ýaryş geçirildi. Bäş günläp dowam eden bäsleşikde Marynyň topary ýeňiji boldy. Lebabyň topary ikinji, Balkanyň topary bolsa üçünji netije bilen ýaryşy jemledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň