Türkmenistanyň Prezidenti Garaşsyzlyk güni mynasybetli sungat ussatlarynyň döwlet konsertine gatnaşdy

13:5927.10.2015
0
2588

26-njy oktýabrda paýtagtymyzdaky Mejlisler merkezinde Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň 24 ýyllygy mynasybetli sungat ussatlarynyň döwlet konserti boldy. Baýramçylyk konsertine Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.

Bu ýerde geçirilen baýramçylyk konsertine Türkmenistanyň Mejlisiniň ýolbaşçylary, ýurdumyzyň hökümet agzalary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, daşary ýurtlaryň Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň we halkara guramalarynyň baştutanlary gatnaşdylar. Olaryň hatarynda Türkmenistanyň daşary ýurtlarda işleýän ilçileri, hormatly ýaşulular, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, ylmy we döredijilik ulgamynyň, ýokary okuw mekdepleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, talyp ýaşlar, ýurdumyzyň bäş welaýatynyň wekilleri bar. Şeýle hem baýramçylyk konsertine Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XVIII maslahatyna gatnaşan daşary ýurtly watandaşlarymyz, baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmak üçin Aşgabada gelen köp sanly daşary ýurtly myhmanlar gatnaşdylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň