Aşgabatda Halkara söwda sergisi geçiriler

0
174
3
0

4-6-njy noýabr aralygynda Aşgabadyň Sergi köşgünde Halkara söwda sergisi geçiriler. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň 26-njy oktýabrda geçirilen bilelikdäki mejlisinde Türkmenistanyň Prezidentine bu sergini geçirmäge görülýän taýýarlyk barada habar berildi.

Bu giň möçberli çärä daşary döwletleriň ençemesiniň esasy kompaniýalarynyň wekilleriniň gatnaşjakdygy habar berildi. Sergide azyk we hojalyk harytlary, sport lybaslary, neşirýat hem-de himiýa senagatynyň önümleri, mebeller we aşhana enjamlary,  gurluşyk serişdeleri hem-de dürli ulgamlarda, şol sanda ulag ulgamynda hyzmatlaryň giň görnüşleri görkeziler. 

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru