Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkyny Garaşsyzlyk baýramy bilen gutlady

0
1964
0
0

Mähriban halkym! Eziz watandaşlar!

Sizi berkarar Watanymyzyň şöhratly taryhyndaky şanly sene —Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň 24 ýyllyk baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!

Garaşsyzlyk milli buýsanjymyzdyr, ata-babalarymyzyň asyrlarboýy kalbynda besläp gelen arzuw-umytlarynyň hasyl bolmagydyr. Şonuň üçin hem, Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň şanyna geçiriljek baýramçylyk çäreleriniň Bitarap Watanymyzyň şöhratly taryhyna, häzirki beýik eýýamyna we nurana geljegine bolan söýgimizi, agzybirligimizi hem-de jebisligimizi has-da berkitjekdigine berk ynanýaryn!

Özbaşdak ösüşiň röwşen ýoly bilen abadançylygyň we rowaçlygyň belentliklerine tarap ynamly barýan Bitarap Watanymyz Garaşsyzlyk ýyllarynda asyrlara barabar ýol geçdi. Adamy jemgyýetimiziň iň gymmatly hazynasy hökmünde ykrar edýän Garaşsyz we demokratik döwletimiz merdana halkymyzyň yhlasly we tutanýerli zähmeti, ähli ugurlarda gazanýan üstünlikleri netijesinde, dünýäniň kuwwatly, gülläp ösýän, parahatçylygy goldaýan döwletleriniň birine öwrüldi. Ykdysadyýetimizi döwrebaplaşdyrmaga, ýurdumyzy senagat taýdan ösen döwlete öwürmäge, dünýäniň ykdysady giňişligine işjeň goşulmaga ýardam berýän giň gerimli maksatnamalarymyzyň, düýpli özgertmelerimiziň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde gazanýan ajaýyp üstünliklerimiz, ýeten belent sepgitlerimiz bu gün bütin dünýäde ykrar edilýär.

 

Eziz watandaşlar!

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşyny yzygiderli ýokarlandyrmaga döwlet derejesinde aýratyn ähmiýet berilýär. Geçirýän düýpli özgertmelerimiziň çäklerinde eziz Diýarymyzda döwrebap durmuş-ykdysady, ulag-aragatnaşyk, inžener-tehniki üpjünçilik ulgamlaryny döretmek boýunça anyk maksatlara gönükdirilen giň gerimli işler alnyp barylýar. Ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny has-da artdyrmak, azyk howpsuzlygyny berkitmek maksady bilen, hususy telekeçiligi ösdürmäge, ylmyň we tehnikanyň gazananlaryny önümçilige giňden ornaşdyrmaga, ekologiýa taýdan arassa önümleri öndürýän täze senagat kärhanalaryny döretmäge aýratyn üns berilýär.

Ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport ulgamlaryny halkara derejesine ýetirmek üçin ýurdumyzda dünýäniň ösen döwletleri bilen bilelikde iri taslamalar durmuşa geçirilýär. Döwrebap hassahanalar, şypahanalar, orta we ýokary okuw mekdepleriniň binalary, häzirki zaman stadionlary gurlup, ulanmaga berilýär. Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmegiň çäklerinde Aşgabat şäherinde ägirt uly sport toplumy — Olimpiýa şäherjigi ýokary depginler bilen gurulýar.

Garaşsyzlyk döretmäge — kuwwat, gurmaga — güýç, parahatçylygy we dostlugy pugtalandyrmaga — egsilmez ylham berýär. Şoňa görä-de, mähriban halkymyz Garaşsyzlyk gününe bagtyýarlygyň we berkararlygyň beýik baýramy hökmünde aýratyn sarpa goýýar. Gülläp ösüşleriň ýurdy bolan eziz Watanymyzyň mermer paýtagtynda, ähli obadyr şäherlerimizde baş baýramymyzyň şanyna häzirki zaman ýaşaýyş jaýlarynyň, medeni-durmuş we önümçilik maksatly täze binalaryň we desgalaryň ulanmaga berilmegi, dürli öwüşginli aýdym-sazly dabaralaryň geçirilmegi mähriban halkymyzyň döredijilik ylhamyny, zähmet joşgunyny, ata-babalarymyzyň arzuwlan Garaşsyzlyk zamanasynyň ruhuny has-da belende göterýär. Eziz Diýarymyzyň şöhratly geçmişine, ajaýyp şu gününe buýsanç we bagtyýar geljegine berk ynam döredýär!

Garaşsyz döwletimiziň halkara abraýy hem barha ýokarlanýar. Bitarap Türkmenistan dünýä bileleşiginiň deňhukukly agzasy hökmünde Ýer ýüzünde parahatçylygy, ählumumy howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge uly goşant goşýar. Sebitde ylalaşdyryjy döwlet hökmünde çykyş edýär. Halkara bileleşiginiň bu ugurdaky tagallalaryny goldap, giň gerimli işleri alyp barýar. Umumadamzat bähbitli başlangyçlary öňe sürýär we bu başlangyçlary durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýar. Bitaraplyk we parahatçylyk ýylynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň täze Rezolýusiýasy bilen Garaşsyz döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň ykrar edilmegi hem muňa aýdyň şaýatlyk edýär.

Biz geljekde hem mähriban halkymyzyň goldawyna we ynamyna daýanyp, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň dünýädäki abraýyny has-da ýokarlandyrmak, raýatlarymyzyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda alyp barýan tutumly işlerimizi güýçli depginler bilen dowam ederis.

 

Mähriban halkym! Eziz watandaşlar!

Sizi Berkarar döwletimiziň baş baýramy bolan Garaşsyzlyk gününiň 24 ýyllygy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn!

Goý, arzuwlaryň we belent maksatlaryň hasyl bolýan ýurdy — Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan mundan beýläk-de gülläp össün!

Goý, Ýer ýüzüniň ähli ýurtlary bilen dostluk we hyzmatdaşlyk etmek üçin açyk bolan eziz Watanymyzyň dünýädäki şan-şöhraty has-da belende galsyn!

Size berk jan saglyk, uzak ömür, egsilmez bagt hem-de maşgala abadançylygyny tüýs ýürekden arzuw edýärin!

Türkmenistanyň Prezidenti                                                  

Gurbanguly Berdimuhamedow. 

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru