Türkmenistanyň Garaşsyzlyk baýramy mynasbetli iş kesilen 1020 raýatyň günäsi geçildi

13:1327.10.2015
0
1842

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisinde  “Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 24 ýyllyk baýramy mynasybetli iş kesilenleriň günäsini geçmek hakyndaky” Permana gol çekdi.

Resminama laýyklykda, iş kesilen 1020 raýatyň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 24 ýyllyk baýramy mynasybetli günäsi geçdildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy bilen günäsi geçilen adamlaryň ählisini tussaglykdan boşadylyp, olaryň ýakyn wagtda öz öýlerine barmagy we baýramçylygy maşgala agzalarynyň arasynda bellemegi üçin ähli zerur işler geçiriler.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany  welaýatlaryň, etraplaryň we şäherleriň häkimlerine hem-de beýleki ýolbaşçylara günäsi geçilen adamlary iş bilen üpjün etmek boýunça zerur çäreleri görmegi tabşyrdy. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň