Soňky habarlar

Arhiw

Ukrainanyň Prezidenti Türkmenistana sapar bilen geler

13:1127.10.2015
0
1102

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisinde habar berlişi ýaly, 28-29-njy oktýabrda Ukrainanyň Prezidenti Pýotr Poroşenko Türkmenistanda saparda bolar.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow  ýokary derejede geçiriljek türkmen-ukrain gepleşikleriniň ähmiýetini belläp, Ukrainanyň Prezidentiniň Türkmenistana saparynyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe görkezmeleri berdi. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň