Arhiw

“Aşgabat” stadionynda Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe bagyşlanyp uly dabara geçirildi

21:4126.10.2015
0
8183

Şu gün Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe bagyşlanan uly dabaranyň geçirilen ýeri bolan “Aşgabat” stadionynyň tribunalary artygy bilen doldy. Uly baýramçylyga gatnaşýanlaryň ellerinde Döwlet baýdagy, dürli reňkli şarlar, şygarlar bar.

Dabara gatnaşyjylar baş tribunada ak baýdajyklaryň kömegi bilen “GARAŞSYZLYK” diýen ýazgyny emele getirýärler.

Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlanýar. Tomaşaçylaryň we dabara gatnaşyjylaryň sesleri bir bitewi owaza öwrülýär. Dürli reňkli şarlaryň ýüzlerçesi asmana göterilýär. Stadionyň ylgaw ýodasynda dünýäde meşhurlyga eýe bolan ahalteke bedewleri peýda bolýar. Çapyksuwarlaryň elinde Türkmenistanyň Döwlet baýdagy pasyrdaýar.

Baýramçylyk hereketlerine çagalar-ýetginjekler tans toparlary goşulýarlar. Dabaraly tanslarda we belentden ýaňlanýan aýdymlarda bagtyýar durmuşyň, ýaşlyk joşgunynyň, ýagty gelejegiň waspy ýetirilýär. Baýramçylyk görkezilişini köpsanly türkmen türgenleri dowam etdirýärler. Olar sähel salymyň içinde stadionyň meýdanyny “Olimpiýa şäherjigine” we sportuň onlarça görnüşi boýunça görkezme çykyşlarynyň ojagyna öwürýärler.

Baýramçylyk dabarasy bäş welaýatyň döredijilik toparlarynyň ýerine ýetiren, ýurduň ähli sebitleriniň gaýtalanmajak özboluşlylygyny bir ýere jemlän “Küştdepdi” sazy bilen jemlendi. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň