Soňky habarlar

Arhiw

Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XVIII konferensiýasyna gatnaşyjylar gürrüň berýärler

15:4626.10.2015
0
4183

Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XVIII konferensiýasyna gatnaşyjy, Täjigistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň diş lukmany Berdi Bekmyradow:

— Maňa indi ikinji gezek ata Watanymda bolup görmek bagty miýesser etdi. Men ilkinji gezek Türkmenistana 2010-njy ýylda gelipdim. Ine, aradan bäş ýyl geçensoň, men Aşgabadyň tanalmaz derejede özgerendiginiň şaýady bolýaryn. Türkmenistanyň paýtagtynyň çägi giňeldilipdir, täze ýollar, dürli maksatly binalaryň onlarçasy gurlupdyr.

Meni lukman hökmünde Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynda bolup geçýän özgertmeler aýratyn begendirýär. Bu ýerde halkyň, her bir raýatyň saglygy we bolelin durmuşy baradaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan meselesiniň derejesine göterilipdir we ol milletiň Lideriniň aýratyn gözegçiliginde saklanýar.

Aşgabatda gurlan, iň täze enjamlar bilen üpjün edilen häzirki zaman lukmançylyk desgalary aýdylanlara aýdyň güwä geçýär. Şunuň bilen birlikde häzirki döwrüň talaplaryny ödeýän saglygy goraýyş edaralarynyň soňky ýyllarda iň çetki obalara çenli ähli welaýatlarda gurulýandygy hem aýratyn bellemek gerek. Munuň özi ilata ýokary derejeli lukmançylyk kömegini bermegi üpjün edýär.

Bu zatlaryň bary Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň aýdyň durmuş ugry bolan çuňňur oýlanyşykly syýasatynyň miweleri bolup bolup, ol dünýä jemgyýetçiligi we iri halkara guramalary, şol sanda BMG hem onuň iri düzümleri — Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSG), Çagalar gaznasy (ÝUNISEF) we beýlekiler tarapyndan giň ykrarnama eýe boldy.

Täjigistanda 25 müňden gowrak türkmen ýaşaýar. Olaryň ählisi ata Watanda bolup görmegi, Türkmenistanyň Prezidenti, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başda durmagynda amala aşyrylýan beýik özgertmelere doganlyk türkmen halky bilen bilelikde guwanmagy-buýsanmagy arzuw edýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň