Türkmenistanyň Kubogy — 2015: ýarym finalyň birinji duşuşyklaryndan soň gyzykly hasaplamalar

10:5726.10.2015
0
1264

«Balkan» — «Altyn Asyr» 1:8 (0:2)

Gollar:

0:1 — 13' Süleýman Muhadow;

0:2 — 23' Süleýman Muhadow;

0:3 — 56' Selim Nurmyradow;

0:4 — 57' Süleýman Muhadow;

0:5 — 71' Umidjan Astanow;

0:6 — 73' Süleýman Muhadow;

1:6 — 81' Rustam Matirzaýew;

1:7 — 83' Süleýman Muhadow;

1:8 — 90'+1 Süleýman Muhadow.

 

«Balkan» şu duşuşykda: «Balkan» şu geçiren duşuşygy topary Türkmenistanyň Kubogy ugrundaky ýaryşlarda 103-nji duşuşygydyr. Şolaryň 58-sinde ýeňiş gazanan «nebitçiler» 32-sinde garşydaşlaryndan asgyn geldiler. 13 duşuşyk bolsa deňlik bilen tamamlandy. Yzda galan duşuşyklarda garşydaş derwezelere 202 pökgi geçiren «Balkanyň» futbolçylary öz derwezelerine 124 gol geçirtdiler.

«Altyn asyr» şu duşuşykda: Uly ýeňiş bilen tamamlanan duşuşykda «aragatnaşykçylar» Türkmenistanyň Kubogy ugrundaky ýaryşda 36-njy gezek ýaşyl meýdana çykdylar. Yzda galan duşuşyklaryň 16-sy «Altyn asyryň», 6-sy olaryň garşydaşlarynyň peýdasyna tamamlandy. 10 duşuşyk deňlik blen tamamlandy. Gollaryň gatnaşygy 71 — 36, «Altyn asyryň» peýdasyna.

Türkmenistanyň Kubogy — 2015-de ilkinji uly hasap: Bu duşuşyk şu ýylky Kubok ýaryşynda iň uly hasap bilen tamamlanan duşuşykdyr. «Altyn asyryň» hüjümçisi Süleýman Muhadow bolsa, elbetde, şu ýylky ýaryşda bir oýunda 6 gol geçiren ýeketäk futbolçy.

Muhadow iň netijelisi: Duşuşykda 6 gezek tapawutlanyp, ýurdumyzyň Kubogy ugrundaky şu ýylky ýaryşda gollarynyň sanyny 8-e çykaran Süleýman Muhadow «Energetigiň» hüjümçisi Kerim Hojaberdiýewiň 6 golluk derejesini yzda galdyryp, «Kubok — 2015-iň» iň netijeli futbolçysy boldy.

Dokuzynjy final uzakda: Mundan öň Türkmenistanyň Kubogynyň 8 gezek finalyna çykyp, 4 gezegem Kuboga mynasyp bolan «nebitçiler» ilkinji duşuşykdan 9-njy finalyň arzuwyny ýeneki ýyllara goýmaly boldular. Dogry, «Balkan» çärýek finalda hem birinji oýunda 3:1 hasabynda ýeňlendigine garamazdan, ikinji oýnuň netijesi boýunça ýarym finala çykyp bilipdiler. Ýöne bu gezek hasab-a 3:1 däl, ilkinji duşuşyk hem «Balkanyň» öz meýdanynda geçirildi.

Ikinji Kubok gelermi: Final duşuşygy üçin uly artykmaçlyk gazanan «aragatnaşykçylar» mundan öňe 3 gezek finala çykyp, ýurdumyzyň Kubogyna diňe 2009-njy ýylda mynasyp bolup bilipdiler.

 

«Hazyna» — «Şagadam» 1:0 (1:0)

Gol:

1:0 — 27' Berdimyrat Rejepow.

«Hazyna» şu duşuşykda: Türkmenistanyň Kubogyna mundan öň 2012-nji ýylda gatnaşan «Hazyna» 24-nji oktýabrda Kubok ýaryşlaryndaky 5-nji duşuşygyny gazandy. Şolaryň dördüsinde ýeňiş gazanan «ykdysadyýetçiler» diňe bir oýunda ýeňildiler. Topar garşydaşlarynyň derwezelerine 8 gol geçirip, öz derwezesine 6 pökgi goýbertdiler.

«Şagadam» şu duşuşykda: «Kenarlylar» şu duşuşykda Kubok ýaryşlarynda 75-nji gezek ýaşyl meýdana çykdylar. Olarda 31 gezek ýeňen topar, 30 gezek asgyn geldi. Galan 14 duşuşyk bolsa deňlikde tamamlandy. Gollaryň gatnaşygy: 103 — 98, «Şagadamyň» peýdasyna.

Bir ýylda üçünji gezek: Ýokary ligada we Türkmenistanyň Kubogynda baý tejribesiniň bardygyna garamazdan, «Şagadam» «Hazynadan» bir ýylda üçünji gezek ýeňildi.

Üçünji gezek mümkinmi: «Şagadam» mundan ozal 2002-nji we 2007-nji ýylda ýurdumyzyň Kubok ýaryşynyň finalyna çykdy. 2007-nji ýylda bolsa Kuboga eýe boldy. 31-nji oktýabrda öz meýdanynda «Hazynany» iki gol tapawudy bilen ýeňip bilse, toparyň taryhynda üçünji finalyna we ikinji Kubogyna ýakynlaşmaga mümkinçiligi bar.

Adalatly paýlaşyk: Türkmenistanyň Kubogy — 2015-de «Hazyna» garşydaş derwezelere jemi 5 gol geçirdi. Ýöne şol gollaryň her haýsy aýratyn futbolça degişli. Toparda entek şu ýyl bir gezek artyk tapawutlanan ýekeje futbolçy hem ýok.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň