Aşgabatda dünýä türkmenleriniň ХVIII maslahaty geçirildi

0
498
1
0

24-nji oktýabrda paýtagtyň “Mekan” köşgünde Türkmenistanyň Prezidenti, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda çagyrylýan Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň ХVIII maslahaty geçirildi.

Bu çäräniň açylyş dabarasyna ýurdumyzyň hökümet agzalary, Mejlisiň deputatlary, Türkmenistanyň daşary ýurtlarda işleýän ilçileri, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ylym we medeniýet işgärleri, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň toparlaýyn agzalary bolup durýan ýurdumyzyň Ylymlar akademiýasynyň birnäçe ylmy institutlarynyň, ministrlikleriň hem-de pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, paýtagtymyzdaky ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Şeýle hem bu giň möçberli maslahata dünýäniň 16 döwletiniň, şol sanda Russiýanyň, Beýik Britaniýanyň, Germaniýanyň, Şwesiýanyň, Türkiýäniň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Saud Arabystanynyň, Eýranyň, Owganystanyň, Pakistanyň, Belarusuň, Ukrainanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň wekilleri gatnaşdylar.

Maslahata gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gutlagyny uly ruhubelentlik bilen diňlediler. Milletiň Lideri maslahata gatnaşyjylary, ähli watandaşlarymyzy, türkmenleriň taryhy Watany bolan Türkmenistan bilen ýygjam gatnaşyk saklaýan daşary ýurtly dostlarymyzy, dünýäniň dürli künjeklerinde ýaşaýan doganlarymyzy mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 24 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlady.

Maslahatyň barşynda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň işi hakyndaky hasabat diňlenildi. Häzirki döwürde dünýäniň 14 ýurdunda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň 27 bölümi hereket edýär. Onuň düzüminde 300-den gowrak toparlaýyn we ýüzlerçe şahsy agzalar, şol sanda daşary döwletlerden 400-e golaý agza bar.

Russiýada, Özbegistanda, Täjigistanda, Owganystanda, Birleşen Arap Emirliklerinde kowçum bolup ýaşaýan türkmenleriň alyp barýan işlerine aýry-aýry çykyşlar bagyşlanyldy. Çykyş edenler daşary ýurtly watandaşlarymyz hakynda atalyk aladasyny edýän we olara yzygiderli üns berýän milli Liderimize tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýtdylar. Maslahata gatnaşyjylar Owganystanyň durmuş-ykdysady taýdan galkynmagyna, aýratyn-da, serhetýaka etraplarynyň elektrikleşdirilmegine, Hyrat welaýatynyň Turgundy obasynda çaga dogrulýan öýüň gurulmagyna, ýurdumyzyň serişdeleriniň hasabyna Täjigistanyň Hatlon oblastynyň Jylykul raýonynda, Astrahan oblastynyň Funtowo obasynda, Moldowa Respublikasynyň Gagauz awtonom oblastynyň Wulkaneşt raýonynyň Çişmikioý obasynda täze döwrebap mekdepleriň, mekdebe çenli çagalar edaralarynyň gurulmagyna, türkmen medeniýetini wagyz etmäge gönükdirilen çäreleriň guralmagyna yzygiderli kömek-goldawyň berilmeginiň Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli we ynsanperwer syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini alamatlandyrýandygyny bellediler.

Maslahatyň gün tertibine guramaçylyk meseleleri hem girizildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Ýakyn günlerde daşary ýurtly watandaşlarymyz Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 24 ýyllygyna bagyşlanan baýramçylyk çärelerine, paýtagtymyzyň ýaşlary, jemgyýetçilik guramalary bilen guraljak duşuşyklara gatnaşarlar. Şeýle hem sergilere, muzeýlere, täze senagat we medeni-durmuş maksatly binalara, söwda merkezlerine baryp görerler we Türkmenistanda telekeçiligiň ösdürilişi bilen tanşarlar.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru